Türkmenistanyň futbol çempionatynda 17-nji tapgyryň çäklerinde 3 duşuşyk geçirildi. Şol 3 oýunda jemi 10 gol hasaba alyndy. 2 oýunda myhmanlar, 1 duşuşykda-da ýer eýeleri ýeňiş gazandy. Sanawyň lideri “Ahal” myhmançylykda Marynyň “Merwini” 3–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda gollaryň üçüsini hem Wahyt Orazsähedow derwezä girizdi. Ol 31-nji (p), 55-nji we 90+4-nji minutlarda tapawutlandy. Şonuň ýaly-da “Balkan” hem 3 utugy 3 gol bilen gazandy. Balkanabatlylar myhmançylykda paýtagtymyzyň “Köpetdag” toparyndan 3–1 hasabynda üstün çykdy. Ýeňiş gazanan toparyň gollaryny Mekan Saparow (12), Yhlas Magtymow (24), Hemra Amanmämmedow (30) tora saldy. Öňdäki orunlar ugrunda göreşýän “Energetik” myhmançylykda “Aşgabatdan” 2–1 hasabynda asgyn geldi. Duşuşykda ýer eýelerinden 2 atdaş futbolçy – Pirmyrat Saparow bilen Pirmyrat Gazakow, myhmanlardanam Tirkiş Muhammetberdiýew tapawutlandy.
XVII tapgyryň netijeleri:
“Köpetdag”–“Balkan”: 1–3
/Berdi Hotdyýew 90 — Mekan Saparow 12, Yhlas Magtymow 24, Hemra Amanmämmedow 30/
“Merw”–“Ahal”: 0–3
/Wahyt Orazsähedow 31 p, 55, 90+4/
“Aşgabat”–“Energetik”: 2–1
/Pirmyrat Saparow, Pirmyrat Gazakow— Tirkiş Muhammetberdiýew/