Hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmäge ägirt uly üns bermegi netijesinde, häzir Türkmenistan tutuş dünýäde sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalýar. Sport äleminde uly belentliklere tarap öňe barýan ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde Aziýa yklymynda iň uly ähmiýetli sport çäreleriniň biri hasaplanýan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.

Aý­lar, gün­ler, sa­gat­lar hem-de se­kunt­lar bi­zi şu ýy­lyň güý­zün­de, ýag­ny 17-27-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Azia­da – 2017-ä ta­rap ynam­ly alyp bar­ýar. “Sag­dyn­lyk. Ru­hu­be­lent­lik. Dost­luk” şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ril­jek V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry ola­ra Azi­ýa­nyň 45 ýur­dy bi­len bir ha­tar­da, il­kin­ji ge­zek Okea­ni­ýa döw­let­le­ri­niň 17-sin­den tür­gen­le­riň gat­naş­ýan­ly­gy­dyr. Mun­dan baş­ga-da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň ha­ta­ryn­da il­kin­ji bo­lup, Türk­me­nis­ta­nyň şeý­le iri göw­rüm­li ýa­ry­şy ge­çir­mek hu­ku­gy­na eýe bol­ma­gy aý­ra­tyn gu­wan­dy­ry­jy wa­ka­dyr hem-de bi­ziň ýur­du­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň sa­ýa­syn­da hal­ka­ra sport gi­ňiş­li­gin­de ýyl­sa­ýyn tä­ze ýe­ňiş­le­ri ga­zan­ýan Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, dün­ýä­niň 62 döw­le­tin­den tür­gen­le­riň 6 mü­ňe go­la­ýy spor­tuň 21 gör­nü­şin­de, şol san­da kon­kur­da we türk­men gö­re­şin­de güýç sy­na­ny­şar­lar. Spor­tuň bu gör­nüş­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tek­li­bi bo­ýun­ça oýun­la­ryň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zil­di. Oýun­la­ra tak­my­nan, 30 müň da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýüz­ler­çe we­kil­le­ri­niň gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Umu­man, Mer­ke­zi Azi­ýa­da il­kin­ji bo­lup Türk­me­nis­ta­na Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ge­çir­mek hu­ku­gy ber­len­den soň, ge­çen döw­rüň do­wa­myn­da ägirt uly iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Aş­ga­bat­da sport me­dia-fo­rum­la­ry­nyň bir­nä­çe­si ge­çi­ril­di. Olar ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­ri hem-de Türk­me­nis­ta­nyň sport ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak işin­de ga­zan­ýan uly üs­tün­lik­le­ri­ni giň­den wa­gyz et­mek üçin oňat meý­dan­ça öw­rül­di. Bu­lar­dan baş­ga-da ýur­du­my­zyň çä­gin­den da­şar­da Azia­da – 2017-ä ba­gyş­la­nan ta­nyş­dy­ry­lyş çä­re­le­ri gu­ral­dy. Ola­ryň ag­la­ba­sy­nyň iri hal­ka­ra fo­rum­la­ry­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­me­gi has-da tä­sir­li bol­dy. Mu­ňa my­sal edip, şu ýy­lyň 12-22-nji ma­ýyn­da Ba­ku şä­he­rin­de ge­çi­ri­len IV Ys­lam Raý­daş­lyk oýun­la­ry­ny, Ta­ta­rys­ta­nyň paý­tag­tyn­da gu­ra­lan “Rus­si­ýa – ys­lam dün­ýä­si: “Ka­zan­sum­mit-2017” at­ly IX Hal­ka­ra yk­dy­sa­dy sam­mi­ti­ni we beý­le­ki­le­ri gör­kez­mek bo­lar.
Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz ka­bul ed­ýän ta­rap hök­mün­de soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Azi­ýa oýun­la­ry­ny my­na­syp de­re­je­de ge­çir­mek ug­run­da yzy­gi­der­li ýag­daý­da taý­ýar­lyk çä­re­le­ri­ni ge­çir­di. 2010-njy ýy­lyň 5-nji no­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň bin­ýa­dy tu­tul­dy. Onuň tas­la­ma­sy­nyň umu­my ba­ha­sy ABŞ-nyň 5 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar­dyr.
Hä­zir­ki gü­ne çen­li 157 gek­tar meý­dan­da 40-a go­laý des­ga, şol san­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça mil­li we hal­ka­ra de­re­je­le­rin­dä­ki ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek üçin sport des­ga­la­ry­nyň 16-sy bi­na edil­di. Mun­dan baş­ga-da bu ýer­de tür­gen­ler we we­kil­ler üçin myh­man­ha­na­lar, ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry, na­har­ha­na­lar, luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry, me­de­ni-dynç alyş eda­ra­la­ry bi­na edil­di. Olar Hal­ka­ra Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti ta­ra­pyn­dan kö­pu­gur­ly sport des­ga­la­ry­na bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da en­jam­laş­dy­ryl­dy.

Sy­nag ýa­ryş­la­ry – Oýun­la­ra taý­ýar­ly­gyň baş şer­ti
V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň çäk­le­rin­de Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­de köp san­ly sy­nag ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­di. Şu ýy­lyň ap­rel aýyn­da gu­ra­lan “Ins­pi­ring Ash­ga­bat” ýa­ryş­la­ry türk­men tür­gen­le­ri­niň V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk de­re­je­si­ni gör­kez­di. Paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­de Azi­ýa­nyň üç çem­pio­na­ty – kik­bok­sing, agyr at­le­ti­ka hem-de suw­da ýüz­mek bo­ýun­ça bi­rin­ji­lik­le­ri ge­çi­ril­di. Bäs­le­şik­le­riň bar­şyn­da türk­men tür­gen­le­ri je­mi 96 me­da­la – 30 al­tyn, 32 kü­müş we 34 bü­rünç me­da­la eýe bol­du­lar. Şun­da sö­weş gör­nüş­li ýa­ryş­lar­da tür­gen­le­ri­miz umu­my to­par­la­ýyn ha­sap­da birin­ji or­ny eýe­le­di­ler.
Sy­nag ýa­ryş­la­ry şol bir­wag­tyň özün­de meý­le­tin­çi­ler üçi­nem oňat tej­ri­be bol­dy. Meý­le­tin­çi­ler Oýun­la­ryň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly geç­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar­lar. Bu ýag­daý ap­rel aýyn­da ge­çi­ri­len “Ins­pi­ring Ash­ga­bat” at­ly sy­nag ýa­ryş­la­ryn­da aý­dyň gö­rün­di. Ta­lyp­la­ryň 1200-den gow­ra­gy ýa­ry­şyň 8 gü­nü­niň do­wa­myn­da meý­le­tin­çi hök­mün­de ýar­dam ber­di­ler we ber­len ýu­muş­la­ra jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­di­ler.

Hal­ka­ra bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, 2016 – 2017-nji ýyl­lar­da da­şa­ry ýurt­ly we­ki­li­ýet­le­riň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len 9 sa­ny sy­nag ýa­ry­şy­nyň ne­ti­je­si bo­ýun­ça Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň äh­li des­ga­la­ry­nyň iri hal­ka­ra, yk­lym­la­ýyn we bü­tin­dün­ýä sport çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça ýo­ka­ry ta­lap­la­ra do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi buý­san­dy­ry­jy­dyr.

V Azi­ýa oýun­la­ry­na bar­ha go­laý­laş­ýa­rys
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýa­daw­syz ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de, yk­ly­myň iri sport bäs­le­şi­gi­ne bar­ha go­laý­laş­ýa­rys. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň baş­lan­ma­gy­na 500 gün ga­lan­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta ber­me­gin­de ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ry­ny gur­şap alan at­ly ýö­ri­şe ga­dy­my Ahal top­ra­gyn­da Nu­saý ga­la­syn­dan ba­dal­ga be­ril­di.
17 ça­pyk­su­war­dan yba­rat bo­lan at­ly ýö­riş bir­nä­çe men­zil­le­ri aşyp, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ýö­ri­şi­ni do­wam et­dir­ýär.
V Azi­ýa oýun­la­ry­na bagyşlanyp,­ Ma­ry we­la­ýa­tyn­da iri me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler ge­çi­ril­ýär, şeý­le hem “Azia­da – 2017 dün­ýä met­bu­ga­tyn­da” at­ly hal­ka­ra me­dia-fo­ru­my gu­ral­ýar. Bu hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki me­dia-fo­ru­myň işi­ne dün­ýä­niň 39 ýur­dun­dan köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­ýar.
Dün­ýä­niň ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Azia­da – 2017-ä hem-de hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­jek ýe­ri bo­lan se­bi­tiň iri des­ga­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­ne eý­ýäm hä­zir­den uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýär.

Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi – se­bi­tiň iri des­ga­sy
V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ni bir­jik­de üns­den dü­şür­me­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz yzy­gi­der­li ýag­daý­da Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­ne ba­ryp dur­ýar we se­bi­tiň bu iri des­ga­syn­da­ky tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ry­ly­şy bi­len ta­nyş­lyk geç­ýär. Ge­çen hep­de­de mil­li Li­de­ri­miz Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­de bo­lup, Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek esa­sy sta­dio­ny­nyň aba­dan­laş­dy­ry­ly­şy, beý­le­ki gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri­ne taý­ýar­ly­gyň me­se­le­le­ri, sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­jek sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň we­zi­pe­le­ri bi­len iç­gin gy­zyk­lan­dy.
Bu ge­zek mil­li Li­de­ri­miz Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­dä­ki sport we­ki­li­ýet­le­ri­ne ni­ýet­le­nen ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my, luk­man­çy­lyk mer­ke­zi we Hal­ka­ra ýaý­ly­ma be­riş mer­ke­zi bi­len ta­nyş­lyk geç­di. Umu­man, Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi 12 müň orun­lyk bo­lup, bu ýer­de da­şa­ry ýurt­ly tür­gen­ler, tä­lim­çi­ler, luk­man­lar, we­ki­li­ýe­tiň dü­zü­min­dä­ki teh­ni­ki iş­gär­ler, met­bu­gat we­kil­le­ri we beý­le­ki­ler ýer­le­şer. 12 gat­ly 20 jaý­dan yba­rat bo­lan ýa­şa­ýyş jaý top­lum­la­ry bi­na­lar top­lu­my­ny eme­le ge­tir­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ta­nyş­ly­gyň do­wa­myn­da Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň mer­ke­zi na­har­ha­na top­lu­my­na bar­dy. 2 gat­dan yba­rat na­har­ha­na 2 müň 64 ada­ma ni­ýet­le­nen­dir. Azia­da – 2017-ä gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň mil­li me­de­ni­ýe­ti, öz­bo­luş­ly aş­ha­na aý­ra­tyn­lyk­la­ry na­zar­da tu­tu­lyp, na­har­ha­na­da Azi­ýa, Ýew­ro­pa, we­ge­ta­ri­an we türk­men mil­li ta­gam­la­ry hö­dür­le­ner.

Mil­li Li­de­ri­miz Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň luk­man­çy­lyk hem-de Hal­ka­ra ýaý­ly­ma be­riş mer­ke­zi bi­len jik­me-jik ta­nyş­lyk geç­di. Bu des­ga­lar hal­ka­ra ül­ňü­le­rin­de gur­lup­dyr. Luk­man­çy­lyk we ýaý­ly­ma be­riş mer­ke­zin­de teh­no­lo­gi­ýa­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry or­naş­dy­ry­lyp­dyr. Luk­man­çy­lyk mer­ke­zin­de türk­men we da­şa­ry ýurt­ly luk­man­lar tür­gen­le­re luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny be­rer­ler. Şeý­le hem tür­gen­le­riň şi­kes alan ha­la­tyn­da tiz kö­mek ber­mek üçin dür­li ugur­lar bo­ýun­ça Ger­ma­ni­ýa­dan ýo­ka­ry hü­när­li luk­man­lar ça­gy­ry­lar.
Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň Hal­ka­ra ýaý­ly­ma be­riş mer­ke­zi hem te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lyp­dyr. Bu ýer­de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň iş­le­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­lip­dir.
Ýurt Baş­tu­ta­ny­myz Hal­ka­ra ýaý­ly­ma be­riş mer­ke­zin­de iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da Azia­da – 2017-ä taý­ýar­lyk gör­mek me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mil­li Li­de­ri­miz bu ugur­da bir­nä­çe Ka­ra­ra gol çek­di. Şol res­mi­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, V Azi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şy­jy­la­ry jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti bi­len üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len oýun­la­ra taý­ýar­lyk gör­mek ba­ra­da­ky Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­te kon­sor­siu­myň dü­zü­mi­ne gir­ýän “Gül Za­man” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti we Şweý­sa­ri­ýa­nyň “Go­ur­met Sports Hos­pi­ta­li­ty AG” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len şert­na­ma bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di. Bu ugur­da­ky hal­ka­ra bäs­le­şik­de türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň ýe­ňiş ga­zan­ma­gy hem aý­ra­tyn gu­wan­dy­ry­jy wa­ka­dyr.
Mun­dan baş­ga-da mil­li Li­de­ri­mi­ziň gol çe­ken Ka­ra­ry esa­syn­da Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi­niň ýa­nyn­da Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň mü­dir­li­gi dö­re­dil­di.
Umu­man, Türk­me­nis­tan örän iri sport çä­re­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­ma­ga hem-de ge­çir­mä­ge ukyp­ly döw­let­le­riň ha­ta­ry­na ynam­ly go­şul­ýar. Öň­de bol­jak oýun­la­ryň ýur­du­my­zyň be­lent ga­za­nan­la­ry­ny açyp gör­kez­jek­di­gi­ne hem-de türk­men tür­gen­le­ri­niň ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­ri ga­za­nyp, ýa­şyl Tu­gu­my­zy al-as­man­da pa­syr­dat­jak­dy­gy­na pug­ta ynan­ýa­rys.