5-7-nji iýun aralygynda paýtagtymyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan “Merkezi Aziýada daşky gurşaw we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin başlangyç”atly Merkezi Aziýa boýunça Halkara ekologiýa forumy geçirildi.

Il­kin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýän bu fo­rum Türk­me­nis­ta­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti hem-de Ga­za­gys­tan, Gyr­gy­zys­tan, Tä­ji­gis­tan, Türk­me­nis­tan we Öz­be­gis­tan, BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy hem-de Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan hö­kü­me­te da­hyl­ly bol­ma­dyk Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň se­bit­le­ýin eko­lo­gi­ýa mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan gu­ral­dy. Onuň işi esa­san, Mer­ke­zi Azi­ýa­da dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça baş­lan­gy­jy ama­la aşyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Ol se­bi­tiň ýurt­la­ry ta­ra­pyn­dan öňe sür­lüp, BMG-niň dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça 2002-nji ýyl­da Ýo­han­nes­burg­da (GAR) ge­çi­ri­len Bü­tin­dün­ýä sam­mi­ti­ne gat­na­şy­jy­lar ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­dy.
Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň se­bit­le­ýin eko­lo­gi­ýa mer­ke­zi­ni dö­re­den ýurt­la­ryň her­sin­de no­bat­la­ýyn esas­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça hal­ka­ra eko­lo­gik fo­ru­my se­bi­tiň dur­nuk­ly ösü­şi­niň äh­li me­se­le­le­ri bo­ýun­ça köp­ta­rap­la­ýyn pi­kir alyş­ma­lar üçin bin­ýa­dy eme­le ge­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­ýän bu ge­zek­ki du­şu­şy­ga Bel­gi­ýa­dan, Weng­ri­ýa­dan, Ger­ma­ni­ýa­dan, Ita­li­ýa­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Gyr­gy­zys­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Türk­me­nis­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan, ABŞ-dan, Çe­hi­ýa­dan, Şweý­sa­ri­ýa­dan – je­mi dün­ýä­niň 13 ýur­dun­dan ugur­daş mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, ylym-bi­lim mer­kez­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, öň­de­ba­ry­jy hü­när­men­le­ri, iş­jeň eko­log­lar gat­naş­ýar­lar. Paý­tag­ty­my­zyň “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­sy­nyň mas­la­hat­lar za­lyn­da fo­ru­myň res­mi açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Oňa da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň iş­gär­le­ri we da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri hem gat­naş­dy­lar.
Fo­ru­ma gat­naş­ýan­la­ryň ha­ta­ryn­da BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň, BMG-niň Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa­da­ky Se­bit­le­ýin mer­ke­zi­niň, BMG-niň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça Mak­sat­na­ma­sy­nyň, BMG-niň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy­nyň, BMG-niň Se­na­gat taý­dan ösüş ba­ra­da­ky Gu­ra­ma­sy­nyň, BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly Kon­wen­si­ýa­sy­nyň we BMG-niň Çöl­leş­mä gar­şy gö­reş ba­ra­da­ky Kon­wen­si­ýa­sy­nyň Sek­re­ta­ri­at­la­ry­nyň, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň, BMG-niň Ýew­ro­pa Yk­dy­sa­dy to­pa­ry­nyň, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­nyň, Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň Ara­ly ha­las et­mek bo­ýun­ça Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk jem­gy­ýe­ti­niň (GIZ), Te­bi­ga­ty we te­bi­gy se­riş­de­le­ri go­ra­mak bo­ýun­ça Hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň guş­la­ry go­ra­mak bo­ýun­ça Pa­ty­şa­lyk jem­gy­ýe­ti­niň, te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça Mi­ha­el Zuk­ko­wyň Gaz­na­sy­nyň, Stok­golm hal­ka­ra suw ins­ti­tu­ty­nyň we beý­le­ki­le­riň we­kil­le­ri bar.