Türkiýäniň Çankyry şäherinde ulanyşdan galan “Airbus A 300” kysymly uçar kitaphana hökmünde şäheriň ýaşaýjylaryna hyzmat eder. Şäheriň ýolbaşçylary çagalaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmagy maksat edinilýän bu taslamany öňümizdäki aýlaryň birinde halk köpçüligine sowgat etmegi meýilleşdirýär. Bu ýolagçy uçary Çankyryda howa menzili bolmanlygy üçin ýük gatnadyjy ulaglar arkaly Stambuldan getirildi. Kitaphana öwrülen uçaryň içi çagalar üçin oňaýly edilip dizaýn edildi.
– Çagalarymyzy bilimli, sowatly we medeniýetli adamlar edip ýetişdirmäge möhüm mesele hökmünde garaýarys. Bu bolsa, diňe köp kitap okamak endigi bilen amala aşýar. Kitaphanany çagalarymyzyň bu ajaýyp gylyk-häsiýeti gazanmaklary üçin gurýarys – diýip, kitaphana barada gürrüň beren Çankyrynyň gubernatory Irfan Dinç uçardan başga-da gämi we otly kitaphanalaryny açmagy meýilleşdirýändiklerini habar berdi.