7-nji iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi. Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm çärä girişildi, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary galla oragyna 14-nji iýunda başlarlar. Şu ýyl türkmen gallaçylary 760 müň gektar meýdandan jemi 1 million 600 müň tonna bugdaý öndürildi.
Şeýlelikde Ahal welaýatynda – 450 müň, Mary welaýatynda – 380 müň, Lebap welaýatynda – 350 müň, Daşoguz welaýatynda – 300 müň we Balkan welaýatynda – 120 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almagy göz öňünde tutýarlar. Ekin meýdanlarynyň aglaba bölegine bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ekildi.
Tutuş ýurdumyz boýunça 2017-nji ýylyň orak möwsüminde “Сase”, “New Holland”, “John Deere”, “СLAAS” kysymly däne orujy kombaýnlaryň 1 müň 400-si peýdalanylar. Ýurdumyza täze gelip gowşan kombaýnlar ekerançylara hasyly öz wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnamaga mümkinçilik berer. Ekin meýdanlaryna galla oragynyň öň ýanynda ýurdumyza gelip gowşan “John DeereW540” we “TUСANO 430” döwrebaplaşdyrylan däne orujy kombaýnlar çykarylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Oba we suw hojalyk ministrligi “John Deere International GmbH” (Şweýsariýa Konfederasiýasy) we “UmaхTradeGmbH” (Germaniýa Federatiw Respublikasy) kompaniýalary bilen oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlaryň, läbik sorujylaryň, şeýle hem ätiýaçlyk şaýlarynyň we olar üçin çykdaýjy serişdeleriň uly tapgyryny satyn almak barada şertnama baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, tehnikalar Türkmenistana 2017-2020-nji ýyllaryň dowamynda 3 tapgyrda getiriler.
Galla oragy döwründe göçme abatlaýjy-tehniki toparlaryň 373-si gallaçylara gije-gündizleýin hyzmat edip, olary ähli zerurlyklar – ýangyç, ýangyç-çalgy serişdeleri, ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün ederler. Galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin meýdan düşelgelerinde zerur durmuş şertleri dörediler, medeniýet işgärleriniň çykyşlary guralar, göçme söwda nokatlary hereket eder.