Ýurdumyzyň ýüpekçileri möhüm zähmet üstünligini gazandylar. Olar döwlete 2 müň 40 tonna golaý pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hoş habar berdiler. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň “2017-nji ýylda pile öndürmek hakynda” çykaran Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligine 2 müň 30 tonna möçberinde pile satyn almak hakynda kärendeçiler bilen şertnama baglaşmak tabşyryldy. Şu ýyl ýurdumyzyň kärendeçileri borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirip, Ahal welaýatynda 155,7 tonna, Balkan welaýatynda 25,3 tonna, Daşoguz welaýatynda 489 tonna, Lebap welaýatynda 961,8 tonna we Mary welaýatynda 407,2 tonna pile hasylyny ýygnadylar.
Döwlet Baştutanymyzyň dokma pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýokary hilli türkmen ýüpeginiň görnüşleri we öndürilýän möçberi durnukly artýar, şol sanda daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň harytlarynyň ornuny tutýan taýýar önümleriň täze görnüşleriniň hasabyna ýokarlanýar. Ýurdumyzda ýüpekçiligiň iýmlik binýadyny ösdürmäge uly üns berilýär.