Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­syn­da “Gel­je­giň ener­gi­ýa­sy” şy­ga­ry as­tyn­da Bü­tin­dün­ýä EKS­PO-2017 ser­gi­si öz işi­ne baş­la­dy. 10-njy iýun we 10-njy sent­ýabr ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­jek ser­gä 100-den gow­rak ýurt we köp san­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar gat­naş­ýar. Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy 9-njy iýun­da ge­çi­ril­di. Onuň ge­çi­ril­ýän döw­rün­de 2-3 mil­lio­na go­laý ada­myň to­ma­şa et­mä­ge gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Hal­ka­ra fo­ru­myň baş­lan­ma­gyn­dan ozal, oňa gat­naş­jak döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň met­bu­gat gul­luk­la­ry dür­li ha­bar­na­ma­la­ry ýaý­rat­dy­lar. Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy Si Szin­pin iýun aýy­nyň 7-10-y ara­ly­gyn­da Ga­za­gys­tan­da res­mi sa­pa­rda bolup, ol As­ta­na şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän iki uly çä­rä­niň şa­ýa­dy bol­dy. HHR-iň Baş­ly­gy­nyň hem gat­naş­ma­gyn­da Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň 17-nji sam­mi­ti hem-de EKS­PO-2017 ser­gi­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.
As­ta­na­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len hal­ka­ra fo­ru­myň açy­lyş da­ba­ra­sy bir­nä­çe tap­gyr­da ge­çi­ri­lip, ol baý­ram­çy­lyk fe­ýer­wer­ki bi­len ta­mam­lan­dy. Açy­lyş da­ba­ra­sy­na 17 ýur­duň döw­let we hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, dün­ýä­niň dür­li ýur­du­nyň we­kil­çi­lik­li to­par­la­ry hem-de köp san­ly myh­man­lar gat­naş­dy.
Hal­ka­ra ser­gi­ler býu­ro­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len hem-de “Gel­je­giň ener­gi­ýa­sy” şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ril­ýän ser­gi­niň çäk­le­rin­de al­ter­na­tiw ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni ulan­mak ba­bat­da ýe­ti­len sep­git­ler hem-de bu ugur­da gel­jek­de edil­jek işler, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa­ly­gy, daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­syz­ly­gy ýa­ly ola­ryň bäh­bit­li ta­rap­la­ry gör­ke­zi­ler.