Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­ne Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­reş hem gat­naş­dy. Ol Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­na sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de bu sam­mi­te gat­naş­ma­ga is­leg bil­dir­di. Bu ba­ra­da BMG-niň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry Mer­ke­zi Azi­ýa sa­pa­ry­ny Ga­za­gys­tan­dan baş­la­dy. Baş sek­re­ta­ryň res­mi we­ki­li Ste­fan Dýu­žar­ri­giň aýt­ma­gy­na gö­rä, An­to­niu Gu­ter­reş soň­ra 10-njy iýun­da Öz­be­gis­tan­da bo­lup, bu ýur­duň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew bi­len du­şu­şar hem-de dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra fo­ru­myň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şar. Şeý­le hem ol Nu­kus şä­he­ri­ne ba­ryp gö­rer.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry soň­ra Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­na ba­rar. 11-nji iýun­da ýur­duň Pre­zi­den­ti Al­maz­bek Atam­ba­ýew bi­len du­şu­şyk ge­çi­rer. 12-nji iýun­da Baş sek­re­tar Du­şan­be şä­he­rin­de Tä­ji­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon bi­len gep­le­şik­ler ge­çi­rer. Bu ýer­de-de dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ba­gyş­la­nan mas­la­ha­ta gat­na­şar.
13-nji iýun­da BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­reş Türk­me­nis­ta­na ge­ler. Ol hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len gep­le­şik­ler ge­çi­rer. Şeý­le hem be­lent mer­te­be­li myh­man Mer­ke­zi Azi­ýa­da ter­ror­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça BMG-niň stra­te­gi­ýa­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne ba­gyş­la­nan ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­ha­ta gat­na­şar.
An­to­niu Gu­ter­reş­den öň­ki 8-nji Baş sek­re­tar Pan Gi Mun 2015-nji ýy­lyň iýun aýyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ryn­da sa­par­da bo­lup­dy.