Iň­lis şa­hy­ry we dra­ma­tur­gy Uil­ýam Şeks­pi­riň 36 eseri ýer­leş­di­ri­len pýe­sa­lar ýy­gyn­dy­sy­nyň il­kin­ji nus­ga­sy gün­ba­tar Şot­lan­di­ýa­nyň Býut ada­syn­da­ky ga­la­da ýü­ze çy­ka­ryl­dy. “Gu­ar­di­an” ne­şi­ri­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ki­tap Býut ada­syn­da­ky Maunt Stýuart ki­tap­ha­na­syn­da bir asyr­dan gow­rak wagt çaň ba­syp ýa­typ­dyr. Ol Oks­ford uni­wer­si­te­tin­de Şeks­pi­riň eser­le­ri bo­ýun­ça yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­ýän pro­fes­sor Em­ma Smit ta­ra­pyn­dan asyl nus­ga­sy­dy­gy yk­rar edil­di. Hä­zir­ki wagt­da sak­la­nyp ga­lan il­kin­ji ki­ta­byň nus­ga­la­ry­nyň 234-si mä­lim­dir. Ki­tap dra­ma­turg ara­dan çy­kan­dan ýe­di ýyl soň­ra – 1632-nji ýyl­da ne­şir edi­lip­dir. Ýy­gyn­dy­da, esa­san hem, “Mak­be­tiň” we “Bu­ri­niň” il­kin­ji çap edi­len gör­nü­şi ýer­leş­di­ri­len eken. Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň 23-nji ap­re­lin­de be­ýik ýa­zy­jy­nyň ara­dan çy­kan gü­nü­niň 400 ýyl­ly­gy bel­le­nip ge­çil­ýär.