Gadyrly çagalar, siziň her biriňiz, iň bolmanda bir gezek “Dur, bakaly!” multfilmine tomaşa eden bolsaňyz gerek. Sebäbi ol çagalaryň, hatda ulularyň hem söýüp görýän multfilmleriniň biri. Geliň, bu multfilmiň taryhy bilen gysgaça tanşalyň.
Möjek we towşan baradaky bu multfilmiň ilkinji görkezilişi 1969-njy ýylyň ýanwar aýynyň 1-ine “Soýuzmultfilm” kinostudiýasynda bolýar. Ol jemi 20 bölümden ybarat. Onuň ilkinji bölümi 1969-njy ýylyň 14-nji iýunynda, iň soňky bölümi bolsa, 2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda ýaýlyma goýberildi.
Mälim bolşy ýaly, multfilmiň iki sany esasy gahrymany – möjek (ses berenler Anatoliý Papanow, Igor Hristenko) we towşan (ses berenler Klara Rumýanowa, Olga Zwerewa) bar. Möjek multfilmde hilegär we diňe özüni bilýän edilip görkezilýär. Şeýle bolsa-da oňa towşany tutmak başartmaýar. Towşan bolsa gowy häsiýeti bilen tapawutlanýar. Ol möjege garanyňda ekranda az görünýär.
Serialda möjekden we towşandan başga-da birnäçe haýwana duş gelinýär. Muňa mysal edip, äpet gippopotamy (begemot) görkezmek bolar. Ol birnäçe keşpde (polisiýa, muzeýiň işgäri, garawul we ş.m) peýda bolýar. Adaty bolşy ýaly, möjek gippopotam bilen köp erjeşýär we ondan mejbury gaçmaly bolýar. Multfilmde duş gelýän ýene bir gahrymanlaryň biri hem pişikdir. Ol bu multfilmiň birnäçe seriýasynda peýda bolýar.
2005-nji ýylyň sentýabr aýynyň 16-synda “Dur, bakaly!” multfilmine bagyşlanyp, şüweleň guraldy. Oňa bu multfilmiň muşdaklary gatnaşdylar.