14-16-njy iýun aralygynda paý­tag­ty­myz­da Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­di. Dö­re­di­ji­lik çä­re­si Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan tä­jik kär­deş­ler bi­len bi­le­lik­de gu­ral­dy. Bu çä­rä­ni ge­çir­mek üçin dost­luk­ly ýur­duň me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň uly to­pa­ry Aş­ga­ba­da gel­di, ola­ra iň go­wy ki­no­kon­sert mer­kez­le­rin­de, şeý­le hem Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýi­niň aja­ýyp zal­la­ry­nyň bi­rin­de çy­kyş et­mek müm­kin­çi­li­gi dö­re­dil­di.
Myh­man­la­ryň we­ki­li­ýe­ti­niň dü­zü­mi­ne Tä­ji­gis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň hü­när­men­le­ri, şa­hyr­lar we ýa­zy­jy­lar, re­žiss­ýor­lar, su­rat­keş­ler, halk aý­dym­çy­la­ry we sa­zan­da­la­ry, ope­ra, teatr we tans sun­ga­ty­nyň we­kil­le­ri, žur­na­list­ler, dö­re­di­ji­lik okuw mek­dep­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry gir­di.
Tä­ji­gis­ta­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň açy­lyş da­ba­ra­sy Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de ge­çi­ril­di. Oňa ul­ga­myň ýol­baş­çy­la­ry, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri, paý­tag­ty­my­zyň ýaş­la­ry gat­naş­dy­lar.
Tä­jik we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy – Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň me­de­ni­ýet mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Ze­war Daw­lat­zo­da çärä gat­na­şy­jy­la­ra we onuň myh­man­la­ry­na gut­lag söz­le­ri bi­len ýüz­len­di. Ol hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze dö­re­di­ji­lik çä­re­si­niň ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lan­dy­gy hem-de Tä­ji­gis­ta­nyň sun­gat we­kil­le­ri­niň mä­hir­li gar­şy­la­nan­dy­gy üçin ho­şal­lyk söz­le­ri­ni be­ýan edip, iki do­gan­lyk halkyň dost­lu­gy­ny ber­kit­mek­de, me­de­ni­ýeti­ni öza­ra baý­laş­dyr­mak­da, döw­le­ta­ra yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mek­de bu çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.
Çä­rä­niň da­ba­ra­ly bö­le­gi ta­mam­la­nan­dan soň, tä­jik sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti gu­ral­dy. Mu­kam­lar köş­gü­niň sah­na­syn­da dür­li öwüş­gin­li çy­kyş­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Tä­ji­gis­ta­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de “Aş­ga­bat” ki­no mer­ke­zin­de çe­per we do­ku­men­tal film­ler gör­ke­zil­di. Şeý­le hem “Türk­me­nis­tan” ki­no­kon­sert mer­ke­zin­de dost­luk­ly ýur­duň ar­tist­le­ri­niň çy­kyş­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. 16-njy iýun­da Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de çä­rä­niň ýa­py­lyş da­ba­ra­sy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň we Tä­ji­gis­ta­nyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň ga­la-kon­ser­ti ge­çi­ril­di.
Mun­dan baş­ga-da, türk­men awia­tor­la­ry ýa­kyn wagt­da dost­luk­ly gat­na­şyk­lar dä­be öw­rü­len Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy bi­len yzy­gi­der­li ho­wa gat­na­wy­ny aç­ma­gy göz öňün­de tut­ýar­lar. Ho­wa gat­na­wy döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny hil taý­dan tä­ze sep­git­le­re çy­kar­ma­gy göz öňün­de tut­ýan iki­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de ama­la aşy­ry­lar.