Ýurdumyz boýunça depgini günsaýyn ýokarlanýan galla oragyna 14-nji iýunda Daşoguz welaýatynyň daýhanlary girişdiler. Welaýatda galla oragyna başlamak hormatyna Görogly etrabynyň “Aksaraý” daýhan birleşiginiň gallaçylary mynasyp boldular. Ýaşulular asyrlaryň dowamynda emele gelen asylly däbe görä Beýik Biribardan galla oragynyň üstünlikli geçirilmegini dileg etdiler. Soňra olar ýaş nesliň gowşuran oraklaryny alyp, “Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!” diýen sözler bilen oraga ak pata berdiler hem-de nobaty kombaýnçylara geçirdiler.
Galla oragyna ak pata bermek dabarasyndan öň bu ýerde welaýat we etrap häkimlikleriniň, oba hojalyk işgärleriniň, mehanizatorlaryň, kärendeçi gallaçylaryň, ýaşulularyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda önümçilik okuw maslahaty geçirildi. Galla oragyny degişli derejede guramak, takyk we sazlaşykly işi üpjün etmek bilen bagly meseleler bu ýere ýygnananlaryň üns merkezinde boldy.
Şol gün welaýatyň kabul ediş nokatlaryna dänäniň ilkinji tonnalary gelip başlady. Demirgazyk sebitiň daýhanlary galla oragyny öz wagtynda tamamlap, ýetişdirilen bereketli hasyly soňky dänesine çenli ýygnap almagy maksat edinýärler.
Welaýatyň galla meýdany 157 müň gektara deň bolup, ekerançylar olardan 300 müň tonna däne ýygnamagy maksat edinýärler. Ýerli gallaçylar sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Batko”, “Ýolöten-3”, “Irişka” we “Wassa” ýaly ýokary hasylly sortlaryny ekdiler.
2017-nji ýylyň orak möwsüminde welaýatda “John Deere”, “Case” we “CLAAS” ýaly däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 338-si ulanylýar.