Hytaý Taýpeýinde ýaşlaryň arasynda sport göreşi boýunça başlan Aziýa çempionatynda türkmenistanly Seýdylla Täzäýew grek-rim göreşi ugrundan 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy.
Bu watandaşymyzyň halkara sport arenasynda gazanan ilkinji üstünligi däldir. Geçen ýyl ol Fransiýanyň Makon şäherinde geçirilen dünýä çempionlygynda bürünç medala mynasyp bolupdy. Geçen aý hem Bakuda geçirilen IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda S. Täzäýew grek-rim göreşi boýunça 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medalyň eýesi bolupdy. Seýdylla ýaşlygyna garamazdan (17 ýaşynda), Aziada 2017-de hem çempionlygyň esasy dalaşgärleriniň biri hasaplanýar.