ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyň adybir uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren täze barlaglarynda üzümiň dişleri we onuň syrçasyny berkitmäge ukyplydygy belli boldy. Şeýle hem alymlar üzüm däneleriniň ekstraktynyň ýüregagyrysyna melhem bolýandygyny mälim etdiler. “ToDay News Ufa” atly ylmy žurnalda üzüm däneleriniň diş dokumalaryny berkidýändigi, şeýle hem dişlere hüjüm edýän bakteriýalar bilen göreşde ýardam berýändigi habar berildi. Dişleriň berkligi üzümiň kömegi bilen gaýtadan dikelýän kollagen belogyna baglydyr.