ABŞ-nyň San-Fran­sis­ko şta­ty­nyň Ka­li­for­ni­ýa şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky Si­li­kon jül­ge­sin­de in­ter­ne­tiň ýag­da­ýy ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­di. Gi­ňiş­le­ýin mag­lu­ma­ty “Klei­ner Per­kins Cau­field & Byers” at­ly ma­ýa go­ýum kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hyz­mat­da­şy “Ma­ry Mee­ker” şe­re­ke­ti­niň hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­dy.
In­ter­net we teh­no­lo­gi­ýa­nyň dün­ýä­dä­ki ýag­da­ýy ba­ra­da mag­lu­mat ber­ýän ýyg­nak­da ge­çen ýyl smart­fon sa­tu­wy­nyň 3 gö­te­rim ýo­kar­la­nan­dy­gy ha­bar be­ri­lip­di. 2015-nji ýyl­da bu gör­ke­zi­ji 10 gö­te­rim tö­we­re­gi bo­lan eken. “Mee­ker” ge­çen 2016-njy ýyl­da in­ter­ne­tiň ösüş dep­gi­ni­niň bir­ne­me pe­se ga­çan­dy­gy­ny ha­bar be­rip­di. Glo­bal ba­za­ryň bu ba­bat­da doý­gun­ly­ga ýe­tip baş­lan­dy­gy aý­dyl­ýar.
Iň ýör­gün­li göz­leg saý­tyn­da in­di köp wagt­dan bä­ri ge­rek za­dy­ňy ses bi­len hem so­rap bol­ýar. Bu ýag­daý ula­ny­jy­la­ryň ün­sü­ni çe­ke­ne meň­ze­ýär. El te­le­fon­la­ryn­dan in­ter­ne­te gir­ýän­le­riň 20 gö­te­ri­mi göz­leg­le­ri­ni ses bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­rip­dir. Bu göz­leg­le­riň 95 gö­te­ri­mi en­jam ta­ra­pyn­dan dog­ry ka­bul edi­lip­dir.
Soň­ky 10 ýyl­da ABŞ-da “Netf­lix”-iň gir­de­ji­le­ri 30 gö­te­rim kö­pe­lip­dir. Bu ýag­daý adam­la­ryň te­le­wi­zo­ra to­ma­şa et­mek­le­ri­ni azal­dyp­dyr. Mä­lim bol­şy ýa­ly “Netf­lix” in­ter­net ar­ka­ly ki­no we se­ri­al gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Is­len­dik wagt­da is­län ki­no­ňy gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän­li­gi se­bäp­li oňa gy­zyk­lan­ma hem bar­ha art­ma­gy­ny do­wam ed­ýär.
Mag­lu­mat­da teh­no­lo­gi­ýa­da tä­ze­lik­le­ri dö­re­den­le­riň kö­pü­si­niň komp­ýu­ter oýun­la­ry­nyň muş­da­gy­dy­gy mä­lim edil­di. Şeý­le hem smart­fon we komp­ýu­ter oýun­la­ry­na is­le­giň ýo­kar­la­nan­dy­gy aý­dyl­dy. 1995-nji ýyl­da dün­ýä­de 100 mil­li­on adam komp­ýu­ter oýun­la­ry­ny oý­nan bol­sa, bu gör­ke­zi­ji hä­zir­ki wagt­da 2,6 mil­li­ar­da ýe­tip­dir. Bu ugur­da iň uly ba­zar Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy ha­sap­lan­ýar. Hy­taý mo­bil hyz­mat­lar we mo­bil tö­leg­ler ba­bat­da­ky ösü­şi­ni hem do­wam et­dir­ýär. Ýurt­da ki­re­ýi­ne be­ril­ýän we­lo­si­ped­le­riň kö­pe­len­di­gi hem ha­bar be­ril­di.
In­ter­net ula­ny­ly­şy­nyň ösü­şi dün­ýä­de azal­ýan hem bol­sa, Hin­dis­tan­da beý­le däl. Güýç­li dep­gin­ler bi­len ös­ýän bu ýurt­da in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny 2016-njy ýyl­da 28 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp­dyr. Hin­dis­tan­da­ky ila­tyň 27 gö­te­ri­mi komp­ýu­ter­ler ar­ka­ly bu hyz­mat­dan peý­da­lan­ýar­lar. Ýurt­da mo­bil in­ter­ne­tiň ba­ha­sy­nyň pe­se gaç­ma­gy onuň ýaý­ra­ma­gyn­da­ky iň esa­sy tä­sir ha­sap edil­ýär.
Mag­lu­mat­da da­ky­nyl­ýan en­jam­la­ra-da has köp is­leg bil­di­ril­ýän­di­gi aý­dyl­dy. Ula­ny­jy­la­ryň kö­pü­si bu en­jam­la­ry sport bi­len meş­gul­lan­mak­da peý­da­lan­ýar.