Golaýda Hytaýda işlenip taýýarlanan jemgyýetçilik ulagy awtobusa, tramwaýa we otla meňzeýär. CRRC atly şereket taýýarlan ulagyna “akylly” awtobus” adyny beripdir. Emma ulagyň has üýtgeşik aýratynlyklary bar. Edil otly ýaly, yzyna wagon tirkäp bolýar. Emma bu ulag adaty awtobus ýaly gara ýolda hereket edýär.
Onuň ýene bir aýratynlygy sürüjisiz hereket edip bilmegidir. Onuň ýöremegi üçin ýörite çyzyk bilen bellenen ýol bolmaly. Uzynlygy 30 metr bolan jemgyýetçilik ulaga 300 ýolagçy sygýar. Zerurlyk bolan ýagdaýynda wagonlaryny aýryp ýa-da goşup bolýar. Ulagyň ýöremegi üçin ýörite demir ýoluny gurmak hökman däl. Bu bolsa, onuň bahasyny azaltmaga ýardam edýär. Kiçi we orta ululykdaky şäherler üçin hödürlenýän “akylly” awtobusyň bahasynyň 2 million dollar boljakdygy aýdylýar. Bir kilometrlik metro ýoluny gurmak üçin ortaça 100 million dollardan gowrak harajat sarp etmeli bolýar. Indiki ýyl Çjouçjou şäherinde täze ulagyň hereket etmegi üçin 6,5 kilometrlik ýol gurlar.