Ýapon hünärmenleri ilkinji milli lunohodlaryny döretmegiň taslamasyny işläp düzýärler. Enjam Ýeriň tebigy hemrasynyň peýdaly magdanlaryny gözlemek üçin ulanylar. Milli aerokosmos agentligi JAXA bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda şertnama gol çeken hususy kompaniýa HAKUTO bu taslamany işläp düzýär. Resminama laýyklykda, taraplar bilelikde lunohody döretmegiň üstünde iş alyp bararlar.
Soňky döwürde ABŞ-da we Ýewropa Bileleşiginde asman jisimlerinden peýdaly magdanlary gazyp almaga bolan gyzyklanma has-da işjeňleşýär. Birleşen Ştatlarda bu ugurda ýörite kanun kabul edildi. Ýaponiýada HAKUTO topary eýýäm, şu ýylyň dowamynda Aýyň üstünde özi ýöreýän enjamy işläp düzmegi we ony uçurmagy niýet edinýär. Ol Ýeriň hemrasynda bar bolan baýlyklary gazyp almagyň usullaryny we olaryň bardygy hakdaky ilkinji maglumatlary ýygnamaga kömek eder.
Mundan ozal, Hytaýyň pilotly uçuşlarynyň baş konstruktory Çžou Szýanpin Hytaýyň Aýyň üstünde awtomat gonuşy amala aşyrandygyny we Ýeriň tebigy hemrasynyň üstüne pilotly uçuşa mümkinçiliginiň bardygyna garamazdan, muny meýilleşdirmeýändiklerini mälim edipdi. Onuň aýdyşyna görä, şunuň ýaly meýilnamany amala aşyrmak üçin has kuwwatly göteriji raketanyň we kämil kosmos gämisiniň işlenip düzülmegi zerur bolup durýar.