Tomus paslynyň gelmegi bilen salkynlamak hem-de wagtymyzy has-da şadyýan geçirmek üçin suw toplumlarynda ýa-da jana şypaly deňiz kenarlarynda dynç almagy halamaýanymyz yok bolsa gerek?! Aýratyn hem çagalar üçin bu pasylda iň bir şatlykly wakalaryň biri suwda ýüzmekdir. Biz köplenç ýörite taýýarlanan howuzlara, oba ýerlerinde derýalara, köllere ýa-da ýaplara ýüzmäge gidilýär. Emma biz suwa girmezden öň, howpsuzlyk kadalaryny berjaý edýärismi?!
Ýüzmek üçin niýetlenen howuzlarda halas ediş işgärleriniň bardygyna doly göz ýetirmeli. Ýüzüp bilmeýän bolsaňyz suwa girmek howpludyr. Nahar iýip yzyndan suwa girmek maslahat berilmeýär. Sebäbi hereket ýagdaýynda bolnanda bedendäki gan aýlanyşyk siňdiriş ulgamyndan uzaklaşyp ellere, aýaklara we myşsalara ugrukýar. Şeýlelikde, iýmit doly siňdirilmänkä, gan aýlanyşygyň gowşamagy ýürek bulanma ýaly ýagdaýlara getirip bilýär.
Süýji suwuň duzly suwa görä dykyzlygy az bolany üçin adam bedenini suwuň ýüzüne kyn galdyrýar. Süýji suwda hereketi az edenimizde suwa çümmäge başlaýarys. Bu bolsa, gark bolmak howpuny döredýär.
Kinofilmlerde gark bolanyň keşbi janlandyrylanda görkezilýän hereketler ýaly gygyrmak, el hereketlerini etmek, aýaklaryňy şapyrdatmak ýaly hereketleri edip bolmaýar. Çünki gark bolmak hadysasy sessiz bolup geçýär. Öýkene suw gidip gygyryp bolmaýar. Synadaky öýjükler howasyz galanlygy sebäpli dowla düşýär we birden hereketsiz galyp suwuň düýbüne çümmäge başlaýar.
Suwa girilende suwuň arassalygyna üns bermeli. Ýata suwlary, kölleri ýa-da suwy wagtly wagtynda çalşylmadyk howuzlary muňa mysal görkezmek bolar. Käbir keseller (göz we deri keselleri) suwuň üsti bilen hem geçip bilýär.
Süýrgünortan suwa girmäň! Gün şöhlesiniň dikligine düşýän wagty adam bedenine ýaramaz täsir edýär.
Suwuň gaty akýan ýerleri siziň ýüzmegiňizi kynlaşdyryp bilýär. Suwda howsala düşmek gark bolmagyň esasy sebäpleriniň biridir. Dowla düşen adam aljyrap özüni ýitirýär. Şeýle ýagdaýlarda özüňizi asuda alyp baryň!
Degişmek niýetinde bolsa-da, hiç kimi habarsyz suwa itmäň!
Suwda özüňizi azajyk rahatsyz duýan wagtyňyz suwdan çykyň!
Aýratyn hem ýüzüp bilmeýän bolsaňyz çuň hem-de bulanyk suwa girmekden gaça duruň!
Birden suwa bökmäň! Çünki sowuk suw sizi birbada aljyradyp, damarlaryňyzyň çekmegine sebäp bolup biler.
Çuňlugyna göz ýetirmän başaşak bökmek örän howpludyr.
Näçe suwda ýüzmäge ökde bolsaňyz hem suwa gireniňizde ýanyňyzda kimdir biriniň bolmagyna üns beriň, ýekelikde suwda ýüzmekden gaça duruň!