Dürbi uzakdaky zatlary görmäge kömek edýän optiki guraldyr. Dürbüler 6×30, 7×50 we 8×30 ölçeglerde toparlara bölünýär. Ilkinji belgi ulaltmak derejesi bolsa, ikinji belgi diametrini aňladýar. Mysal üçin: 7×50 ölçegli dürbiniň ulaltmak derejesi 7, obýektiwiň diametri 50 millimetrdir.
Dürbi iki teleskopyň bir şarnir (mehanizmiň iki detalyny herekete getirýän birleşdiriji) bilen biri-birine baglanýar. Olar obýektiwden giren şöhläniň ugruny üýtgedip, gözüň görejine jemläp berýär.
Häzirki zaman astronomiýasynyň düýbüni tutanlaryň biri hasaplanýan, XII asyrda ýaşap geçen alym Nureddin Batruçiniň ulanan gurallary, XVI asyrda ýaşan meşhur Gündogar alymy Ulug begiň, soňra okuw jaýlarynda asman jisimlerini öwrenmek üçin peýdalanylan gurallar dürbi esasynda taýýarlanypdyr. Dürbi Ýewropa XVII asyrda aralaşypdyr. Italýan astronomy Galileo Galileýiň ulanan guraly ilkinji dürbi diýlip hasaplanylýar.