“Qualcomm Technologies” şereketi elektromobilleriň geçirijisiz zarýad almagy üçin tagalla edýär. “Halo” atly ulgamyň täze nusgasy ulaglara ýolda barýarka zarýad almaga mümkinçilik döreder. DEVC atly bu ulgamy iş ýüzünde synagdan geçirmek üçin Fransiýanyň Wersal şäherinde 100 metrlik ýörite ýol guruldy. Kompaniýa iki sany “Renault Kangoo EV” modeline gerekli enjamlary oturdypdyr. Ilkinji synaglarda ulaga magistral tizliginde barýarka 20 kW-lyk zarýad bermegi başarypdyrlar. Şeýle-de iki ulag şol birwagtda zarýad edilende hem hiç hili bökdençlik ýüze çykmady. Ulaga zarýad bermäge niýetlenen ýola düşelýän enjama FABRIC diýilýär. Bu taslamany kämilleşdirmäge Ýewropa Komissiýasy hem goldaw berýär. Garaşylan netije alnan ýagdaýynda Ýewropanyň şäherlerine FABRIC ulgamynyň düşelmegi maksat edinilýär. Geçirilýän synaglarda bu usulyň tebigata täsiri hem anyklanylýar. Bu ulgamy işläp taýýarlamaga awtoulag öndürijiler, ylmy-barlag merkezleri we hünärmenler gatnaşýar. Häzirlikçe bu ulgamyň islendik awtomagistralyň ähli ýerine düşelmegi göz öňünde tutulmaýar. FABRIC-ler esasan şäheriň içinde köp gatnawly ýerlerde ornaşdyrylar. Şeýlelikde, kireýine berilýän elektroulaglaryň bu usuldan has köp peýdalanmagy gazanylar.