Elektron enjamlaryň islendik görnüşi öndürilende-de, onuň hemme taraplaýyn gowy bolmagy uly isleg döretmek üçin ýeterlik däl. Sebäbi bu ugurda örän ýiti bäsdeşlik bar. Şonuň üçin, esasan hem, smartfon öndürilende müşderilere adaty bolmadyk täzelikleri hödürlemek zerurdyr. Adaty smartfonlardan başgaçarak telefon öndürýän “Yota” sabyrsyzlyk bilen garaşylýan “YotaPhone 3” enjamyny çykarjakdygyny mälim etdi. Iki tarapy hem ekran bilen gurşalan enjam şu aýratynlygy bilen müşderileriň göwnünden turupdy. Rus kompaniýasynyň hytaýly hyzmatdaşlary bilen öndüren telefonynyň bir tarapynda adaty ekran, beýleki tarapynda bolsa, ak-gara elektron syýaly ekran bar. Ak-gara ekran gözüňi ýadatmaýanlygy bilen tapawutlanýar. Östesine ol az zarýad sarp edýär. Elektron kitaplarda hem şeýle ekranlar bar. “Yotanyň” täze enjamynyň 64 GB-lyk nusgasy 350 dollardan, 128 GB-lyk nusgasy 450 dollardan satuwa çykarylar. “YotaPhone 3” sentýabr aýynda hytaýly müşderilerine ýetiriler. Şol aýda rus müşderilerinden -de sargytlar kabul edilip başlanar. Esasan bu iki ýurtda satylýan enjamyň beýleki ýurtlardaky müşderilere hem ýetirilmegi maksat edinilýär.