Tutuş dünýä boýunça robot tehnikalarynyň bazarynyň möçberi 2025-nji ýylda 87 milliard dollara golaýlar. 2010-njy ýylda bu görkeziji 15,1 milliard dollara deň bolupdy. Bu barada “Boston Consulting Group” (BCG) kompaniýasy habar berýär.
Degişli kompaniýa 2014-nji ýyldaky çaklamalarynda 2025-nji ýylda robot tehnikalar bazarynyň 67 milliard dollara barabar boljakdygyny mälim edipdi. Ýöne soňky ýyllarda bu ugurdaky talabyň has-da ýokarlanandygy sebäpli çaklamalaryny artdyrdy.
Kompaniýanyň hyzmatdaşy Wlad Lukiçiň aýtmagyna görä, 2025-nji ýyla çenli öz-özüni dolandyrýan ulaglar we öý hojalyk tehnikalary pudaklarynda robot tehnikalaryna bolan isleg ýokarlanar. Bu ýagdaýyň söwda pudagynda-da artmagyna garaşylýar.
Şol bir wagtda soňky ýyllarda robot tehnikalarynyň önümçiligi üçin hususy maýa goýumyň möçberi hem artdy. Bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalaryň sany artar. Häzirki wagtda robotlar tämizlik işlerini ýerine ýetirip, öýleriň howpsuzlygyny üpjün edýärler we beýleki birnäçe işleri amala aşyrýarlar.