Şwesiýanyň awtoulag konserni “Volvo” benzin bilen işleýän ulag önümçiligini bes etjekdigini mälim etdi. Bu barada kompaniýanyň resmi internet saýtynda habar berilýär. 2019-njy ýyldan başlap, awtokonsern ähli ulaglaryny elektrik togunda işleýän hereketlendiriji bilen üpjün eder.
– Biz mundan beýläk, benzin bilen işleýän hereketlendirijili ulag öndürmegi göz öňünde tutmaýarys. Elektrik togy bilen işleýän ulaglara isleg köpeldi. Bize bu barada teklipler gelip gowuşýar. Şol teklipler esasynda ulag sürüjileriniň islegini kanagatlandyrmagy maksat edinýäris – diýip, kompaniýanyň ýaýradan beýanatynda bellenip geçilýär.