Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanda 2017-nji ýylyň “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýlip yglan edilmegi halkymyzyň we ösüp gelýän ýaş neslimiziň saglygy hakyndaky, olaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary baradaky alada hökmünde häzirki wagtda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylyň sentýabrynda gözel paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi hakyndaky çözgüdi ýurdumyzyň sport älemindäki abraýynyň ýokary derejesine şaýatlyk edýän waka öwrüldi. Hususanda, ýurdumyzyň milli kanunçylygynda bedenterbiýe we sport babatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramaçylykly, tertip-düzgüni, kada-kanunlary berk berjaý edip, geçirmek maksady bilen halkara ülňülerine gabat gelýän derejede birnäçe kanunlar kabul edildi. Olardan: “Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny (23.05.2015), “Professional sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny (18.08.2015), “Atçylyk we atly sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny (21.11.2015), “Meýletinçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny (12.01.2016), “Mahabat hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny (26.03.2016) görkezmek bolar.
Aýratynam, 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen “Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bellärliklidir. Bu Kanun Aziada–2017-niň oýunlaryny guramakda we geçirmekde ýüze çykýan hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Bu Kanunyň esasy maksady Aziada–2017-niň oýunlaryny ýokary derejede guramak hem-de geçirmek üçin hukuk binýadyny we zerur şertleri döretmekden, şol sanda V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň arasyndaky baglaşylan V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakyndaky şertnamanyň şertlerini berjaý etmek üçin hukuk kepilliklerini üpjün etmekden ybaratdyr.
2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň 21-nji maslahaty geçirildi. Onda beýleki Kanunlaryň hatarynda Aziada–2017-ni guramaçylykly geçirmek üçin ýene-de bir wajyp kanunyň taslamasyna seredildi. Hususan-da, “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garalanda, gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Kanun V Aziýa oýunlarynyň taýýarlygynyň çäklerinde has-da möhümdir.
Aziada–2017-niň geçirilmegi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň mundan beýläk-de ösdürilmegine, onuň hatarlaryna ýaşlaryň has köp sanlysynyň çekilmegine kuwwatly itergi berer. Bu bolsa, milli Liderimiziň halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, sagdyn we belent ruhly nesilleri terbiýelemek üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şol birwagtyň özünde Türkmenistanyň yklymda halkara sport hyzmatdaşlygy babatda öňdäki ýurtlaryň birine öwrülmegi, onuň dünýäniň Olimpiýa hereketi ulgamyna netijeli goşulmagy üçin uly mümkinçilikleri berýär.
Şu ýagdaýyň çäklerinde ýurdumyz BMG-niň ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine gönükdirilen Sport baradaky Halkara býurosy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Halkara Olimpiýa komiteti we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi ýaly abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryň giňelmegine ýardam edýär. Türkmen sportuny kadalaýyk derejede saklamak we sportda dopingi ulanmaga garşy göreşi utgaşdyrmak ugrunda Bütindünýä doping agentligi bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Şu maksat bilen Türkmenistanda şu ýyl Milli dopinge garşy göreş agentligi döredildi.
Sportda dopinge garşy göreş boýunça alnyp barylýan işiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny ýola goýýan hem-de Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek boýunça döwlet syýasatyny ilerletmäge gönükdirilen täze Kanunyň kabul edilmegi bu ugurdaky möhüm ädime öwrüler.
“Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 18 maddadan ybarat bolup, ol metbugatda çap edilen gününden, ýagny, 2017-nji ýylyň 14-nji iýunyndan güýje girdi. Kanunyň başynda sportda doping, doping serişdesi, doping usuly, dopinge garşy gurama, türgen, türgeniň kömekçi personaly, sport ýaryşy, sport guramasy, doping gözegçiligi, ýaryşa degişli teswirleme, ýaryşdan daşary teswirleme, gadagan edilen sanaw, doping gözegçiliginiň ygtyýarly toparlary, Bütindünýä dopinge garşy agentlik, Bütindünýä dopinge garşy kodeks we ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Halkara Konwensiýasy ýaly düşünjelere teswirnama berlipdir. Bu Kanun Aziada–2017-de sport ýaryşlaryny guramaçylykly, kanunalaýyk geçirmekde ýardam berer.
Geçen we şu ýylyň dowamynda türkmen türgenleriniň sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä, Aziýa, Ýewropa çempionatlaryna gatnaşyp, ençeme altyn, kümüş, bürünç medal gazanandyklary berkarar döwletimizde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklygyň bagtyýar ýaşlarymyzyň gündelik pişesine öwrülendigine anyk şaýatlyk edýär.
Saglyk bolsa, biz türkmen türgenleriniň V Aziadada şowly çykyş edip, öňdäki orunlary eýelemek bilen ildeşlerimizi begendirjekdiklerine arkaýyn bil baglap bileris!
Aşyrgeldi Jumaýew,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň
dosenti, ýuridik ylymlaryň kandidaty.