Bagt paýlansa, üç baýlygy ilki al
Ylgap bar-da, saglyk bilen erki al.
Şahyryň şeýle setirleri ynsany saglyk hakyndaky çuňňur oýlara batyrýar. Adamyň başy sag bolsa, ol adam baý hasaplanylýar. “Saglygym – baş baýlygym”, “Saglyk bolsa, beglik bolar” ýaly nakyllar biziň dillerimiziň senasydyr. Hormatly Prezidentimiz “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynda ruhubelentlik barada şeýle belleýär: “Ruhubelentlik – ata-babalarymyzyň bize ündän pent-ündewlerindendir. Biz ruhubelentlik bilen öz geljegimizi gurýarys. Aýdyň maksada barýan ýollarymyzy ruhubelentlik bilen geçýäris. Ruhubelentlik – sagdyn ýaşaýşyň özenidir. Ruhubelentlik beden saglygyny gorap saklamagyň hem iň esasy şertleriniň biridir”.
Ynsanyň içki dünýäsine baglylykda käbir adamlara edebiýat, käbir adamlara sport, käbir adamlara bolsa, sungat ruhubelentlik paýlaýar. Şekillendiriş sungatynyň haýsy hem bolsa, bir görnüşini alyp görenimizde, olaryň ählisinde özboluşly gözellik bar. Gözellik bar ýerinde ruhubelentlik bardyr. Sport hem özboluşly sungatdyr. Sporty söýýän adam ruhubelent bolýar. Sport adama gözellik eçilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň 21 görnüşi boýunça geçiriljek Aziada-2017-niň oýunlaryna uly taýýarlyklar görülýär. Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde zehinli ýaşlardan taýýarlanan meýletinçiler topary hereket edýär.
Ruhubelentligi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany, tumary we şekili ýerleşdirilen sowgatlyk önümlerinde hem görüp bilýäris. Tutuş Aziýa sebitinde öz ajaýyplygy bilen tapawutlanýan Olimpiýa şäherjigi bu günki gün bagtyýar raýatlarymyza öz gözelligini eçilýär. Olimpiýa şäherjiginde bina edilen täze stadionyň depesinde ýerleşdirilen türkmeniň behişdi bedewiniň buýsançly başyny dik tutup duran şekili her bir türkmenistanlyny diýseň buýsandyrýar.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tumary hem türkmen dünýäsiniň ähli eý görýän gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Taryhyň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan wepalylygyň, üşükliligiň esasy nyşany bolup, gelen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde türkmen alabaýynyň keşbi saýlanyp alyndy. Bu alabaýa “Wepaly” diýip at dakyldy. Wepalynyň milli geýimleri onuň özboluşlylygynyň üstüni ýetirýär. Wepaly dogruçyl, aýgytly hereket etmegiň, has dogrusy, ýeňşiň alamatydyr. Wepalynyň eýjejik şekili sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleri ýeňişe ruhlandyrýar. Aziada-2017-niň oýunlarynyň bezeg nusgasynda Wepalynyň girelgäniň öňünde bir elinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, bir elinde hem Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny buýsançly göterip durmagy türkmeniň ata-babalaryndan gaýdýan myhmansöýerligini açyp görkezýär. Girelgäniň ak reňkde bolmagy ak şäherimiz Aşgabady, ak arzuwlarymyzy, ýeňişlere alyp barýan ak ýollary alamatlandyrýar. Ine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary döredijilik işlerinde hem reňkleriň, çitimleriň dilinde Aşgabat–2017-niň nyşanyny, tumaryny we şekilini wasp edýärler.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýurdumyzyň esasy gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramaga uly üns berilýär. Ruhubelentlik şahandaz türkmen halkyna elmydama hem mahsusdyr. Sport hem ýaryş ulgamy bolmak bilen ol ynsanyýeti dostluga çagyrýar. Sport ýaryşlaryna gatnaşmak arkaly türgenler garşydaşlary bilen dostlaşýarlar, galyberse-de, şol ýurtlarda syýahatda bolup olaryň adatlary, däp-dessurlary bilen tanyşýarlar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda talyp ýaşlary özleriniň ýyllyk işleriniň temalaryny sport bilen baglanyşdyrýarlar. Şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde talyp ýaşlar sportuň 21 görnüşini wasp edýärler. Ýerine ýetirilýän sungat eserleri taslama çözgüdiniň baýlygy, reňk öwüşginleriniň aýratynlygy, Aşgabat şäherimiziň gözelligini goşalandyrýan Olimpiýa şäherjigini sungatyň dilinde taryp edýärler. Sport bilen baglanyşykly durmuşyň aýratyn gözel pursatlaryny, tebigatyň gözelligini Aşgabat şäherimiziň gözelligi bilen sazlaşdyryp, reňkleriň dilinde ýerine ýetirýärler.
Ýaş suratkeşler S.Agaýewiň “Gülbadam Babamyradowanyň portreti”, K.Patdykowyň “Atly sport konkur”, L.Baýlyýewanyň “Welosport”, Z.Sähedowanyň “Konkur”, G.Babatäjowyň “Basketbol”, M.Jumaýewanyň “Tans sporty”, S.Rejepowanyň “Küşt”, H.Taganowyň “Tennis”, M.Çaryýewiň “Düzzüm” ýaly işleri has hem täsirli. Olaryň arasynda diňe bir nakgaşçylyk işleri däl, eýsem, dizaýn-bezeg işleri-de uly orun eýeleýär. Olardan B.Gulamowanyň “Sport”, B.Weliýewanyň “Marafon”, A.Babagulyýewiň “Sagat”, M.Meredowyň “Welosport” ýaly işleri bellenilmäge mynasypdyr. Sportuň özi ynsana şähdaçyklyk eçilýär. Şol şähdaçyklygy, ruhy lezzeti sungat eserlerinde duýmak we kabul etmek has ýakymlydyr.
Goý, edebiýat, sungat, medeniýet işgärleriniň döredijilikli işlemegi, zehinli talyplarymyzyň ylymly, bilimli bolmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Maýa Halykberdiýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.