Milli Liderimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda dünýä döwletleriniň arasynda nusgalyk demokratik ösüşiň ykdysady we durmuş ulgamynyň, ynsanperwerligiň, hususan-da, raýat jemgyýetiniň kemala gelmeginiň çylşyrymly wezipeleri durmuşa geçirilýär. Şol wezipeleri çözmekde ähli ugurlar boýunça ösüşiň kämil ülňülerine, ylmy çemeleşmeleriň berk binýadyna, şeýle-de raýatlarymyzyň sowatlylygyna, ahyrky netijede bolsa, ynsan mertebesiniň mizemezlik esaslaryna daýanylýar. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiziň her bir çykyşlarynda çuňňur paýhasa ýugrulan ylmy-publisistik kitaplarynda ynsan mertebesi şonuň bilen baglanyşykly ahlak päkligi baradaky meselelere aýratyn üns berilýär.
Ynsan mertebesi barada gürrüň edilende, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabyndaky aşakdaky jümleler bada-bat ünsüňi özüne çekýär: “Watan biziň her birimiz üçin elýetmez mertebedir. Munuň-da sebäbi Watan söýgüsi soňlanýan däldir. Watan söýgüsi hemişe joşup duran mukaddes duýgudyr. Şeýle bolanlygy üçinem, diňe mertler, Watanyň mert ogullary Watany beýgeldýärler”.
Diýmek, ynsan mertebesi biziň her birimiz üçin mukaddes bolan Watan duýgusy, Watana bolan söýgi bilen berk baglanyşyklydyr. Ynsan mertebesiniň ähli zatdan belentde tutulmagy hem, ynsany öz mertebesini duýmagy ýaly sypatlar hem Watan düşünjesinden gönezlik alýar.
Türkmenistan döwletimizde adam mertebesiniň derejelenmegi babatda ägirt uly işler alnyp barylýar. Döwletimiziň dünýäniň iň abraýly halkara guramasy Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzüm bölekleri, şeýle-de sebit guramalary bilen ýakyndan işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Jemgyýetçilik gatnaşygynda şahsyýetiň sarpalanmagy, oňa oňyn baha berilmegi netijesinde, belent mertebä eýe bolunýar.
Şahsyýetiň mertebe we ahlak sypaty her bir adamyň jemgyýetde tutýan ornunyň derejesiniň görkezijisi bolup, ol ynsanyň, döwletiň, halkyň öňünde il-ýurt bähbitli iş bitiren asylly hyzmatlaryna görä jemgyýetdäki abraýyny we sarpasyny kesgitleýär. Bu gymmatlyklar her bir adamyň at-abraýy bilen gös-göni baglanyşykly bolup, ol ir döwürden – heniz çagalykdan başlanyp, adamyň ömürboýy ýaran edinmeli häsiýetli tarapy bolmalydyr. Parasatly şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň aýdyşy ýaly:
Adam ogly bu dünýäge gelensoň,
At bilen abraý alan ýagşydyr.
Mertebä bolan garaýyş uzak ýyllaryň dowamynda kemala gelýär. Öz şahsy mertebäňi saklamak duýgusy her bir şahsyýetiň mukaddes islegidir. Halal zähmet çekip, keramatly ojagyňy öz daban azabyň bilen ýylatmak, ýurduňy, iliňe-günüňe päk ýürekden gulluk etmek, özüňi märekede, şahsy durmuşda medeniýetli, asylly, salyhatly alyp barmak türkmen milletine mahsus häsiýetleriň iň naýbaşysydyr.
Mertebesini hem-de ahlak sypatyny belent sarpalamak türkmen halkynyň häsiýetli aýratynlyklarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan, merdana halkymyzyň sarpasy hemişe belentdir. Sarpasy belendiň mertebesi-de belentdir.
Mertebe tutuş maşgala agzalary bolup arassa, tämiz saklanylmalydyr. Nädogry ýa-da bikanun edilen hereket gelejegiňe, hatda tutuş neberäňe öz islenilmeýän täsirini ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiz “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynda: “Gaýratlylyk mertebeliligiň nyşanydyr” diýip belleýär. Munuň özi çuňňur filosofik mana eýedir. Çünki gaýratly adam mertebeli hem bolup biler. Gaýratlylyk bolsa, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn päkliginden, ak ýürekliliginden, eli arassalygyndan, lebzi halallygyndan, sahawatlylygyndan, kanagatlylygyndan, ynsaplylygyndan… gözbaş alýar.
Hut şonuň üçin Arkadag Prezidentimiz gaýratlylygyň mertebeliligiň nyşanydygy baradaky pikirini şeýle delillendirýär: “Jemgyýetiň bähbidini birjik-de gözden salmaýan ynsanlaryň köňli nurludyr. Olar sabyrlydyrlar, sahawatlydyrlar, lebzihalaldyrlar. Olaryň kişä minneti bolmaz. Ine, şeýle ynsaplylyk ýörelgeleri hem rysgalyň, berekediň asyl sebäbidir. Diňe arassa gazanylan baýlyk dowamly bolýar”.
Ine, adam mertebesiniň belentlik derejeleri şeýle päk ahlak gymmatlyklaryndan gözbaş alýar!
Bazargylyç Nazarow, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Balkanabat bölüminiň “Nebit senagaty” fakultetiniň dekany.