Il­kin­ji­si 1960-njy ýyl­da ge­çi­ri­len Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň 10-njy­sy 1996-njy ýyl­da fut­bo­lyň wa­ta­ny Ang­li­ýa­da gu­ral­dy. Oňa il­kin­ji ge­zek 16 ýy­gyn­dy gat­naş­dy. To­par­ça­da-da du­şu­şan Ger­ma­ni­ýa bi­len Çe­hi­ýa fi­nal­da öza­ra güýç sy­na­nyş­dy we “Al­tyn gol­dan” (Gol­den Go­al) soň, ne­mes­ler 3-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di.
4 ýyl öň­ki ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je bi­len ta­mam­la­nan Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň saý­la­ma tap­gy­ryn­da 33 ýy­gyn­dy çy­kyş edip­di. Ýu­gos­la­wi­ýa bi­len öň­ki So­ýu­zyň dar­ga­ma­gyn­dan soň, UEFA-nyň ag­za­sy­nyň sa­ny art­dy we bu ge­zek­ki saý­la­ma tap­gy­ry­na 47 ýy­gyn­dy gat­naş­dy. Şu ýa­ryş­dan baş­lap, Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da-da ýe­ňi­ji­le­re 3 utuk ber­lip ug­ra­dy (Il­kin­ji ge­zek 1994–Dün­ýä Ku­bo­gyn­da şu ul­ga­ma ge­çi­lip­di). Saý­la­ma tap­gy­ryn­da to­par­lar 8 to­par­ça bö­lün­di. Her to­par­ça­da 1-nji, şeý­le-de 2-nji ýe­ri eýe­län­le­riň iň go­wy 6-sy, je­mi 14 ýy­gyn­dy fi­na­l tap­gy­ry­na ýol­lan­ma al­dy. 16-njy to­par bol­sa, 2-nji or­ny alan­la­ryň iň pes ne­ti­je gör­ke­zen 2-si­niň ara­syn­da­ky pleý-off­dan soň bel­li bol­dy.
1-nji to­par­ça­dan Ru­my­ni­ýa bi­len Fran­si­ýa, 2-nji to­par­ça­dan Is­pa­ni­ýa bi­len Da­ni­ýa, 3-nji to­par­ça­da­nam ýa­ry­şyň deb­ýu­tant­la­ry Şweý­sa­ri­ýa bi­len Tür­ki­ýe fi­nal pe­te­gi­ni al­dy. 4-nji to­par­ça­da Hor­wa­ti­ýa bi­len Ita­li­ýa 1–2-nji ýe­ri paý­laş­dy. 5-nji to­par­ça­da Çe­hi­ýa 1-nji ýe­ri eýe­län bol­sa, Gol­lan­di­ýa 2-nji ýe­ri eýe­le­di. 6-njy to­par­ça­da Por­tu­ga­li­ýa bi­len Ir­lan­di­ýa öňe saý­lan­dy. 7-nji we 8-nji to­par­ça­lar­dan de­giş­li­lik­de, Ger­ma­ni­ýa­dyr Bol­ga­ri­ýa hem-de Rus­si­ýa we Şot­lan­di­ýa fi­nal tap­gy­ry­nyň to­pa­ry bol­dy. Pleý-off tap­gy­ryn­da Gol­lan­di­ýa Ir­lan­di­ýa­ny Li­wer­pul şä­he­rin­de Pat­rik Klui­wer­tiň 2 go­ly (29, 88) esa­syn­da utup, fi­nal tap­gy­ry­na iň soň­ky pe­te­gi alan ýy­gyn­dy bol­dy.
10-njy Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty 1996-njy ýy­lyň 8–30-njy iýu­ny ara­ly­gyn­da Ang­li­ýa­nyň 8 şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. “A” to­par­ça­da ýer eýe­si Ang­li­ýa­dan baş­ga-da Gol­lan­di­ýanyň, Şot­lan­di­ýanyň we Şweý­sa­ri­ýanyň, “B” to­par­ça­da Fran­si­ýa­dyr Is­pa­ni­ýa­nyň, Bol­ga­ri­ýanyň we Ru­my­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry du­şuş­dy. “C” to­par­ça­da Ger­ma­ni­ýa, Çe­hi­ýa, Ita­li­ýa hem-de Rus­si­ýa­, “D” to­par­ça­da-da Por­tu­ga­li­ýa­nyň, Hor­wa­ti­ýa­nyň, Tür­ki­ýä­niň we soň­ky çem­pi­on Da­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry öza­ra güýç sy­na­nyş­dy.
Çem­pio­na­tyň açy­lyş oý­ny Ang­li­ýa bi­len Şweý­sa­ri­ýa­nyň ara­syn­da oý­nal­dy. Deň­lik­de gu­ta­ran oýun­da iň­lis­ler­den Alan Şi­rer (23), şweý­sar­lar­dan Ku­bi­laý Türk­ýyl­maz (83 p) ta­pa­wut­lan­dy. Gol­lan­di­ýa bi­len Şot­lan­di­ýa­nyň ara­syn­da­ky oýun­da ha­sap açyl­ma­dy. Soň­ra gol­land­lar şweý­sar­la­ry (Ýor­di Kroýff 66, Den­nis Berg­kamp 79), iň­lis­le­rem şot­land­la­ry (Alan Şi­rer 53, Pol Gas­go­in 79) 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Şot­lan­di­ýa Şweý­sa­ri­ýa­ny Mak­Ko­is­tiň ýe­ke go­ly bi­len utan bol­sa, dart­gyn­ly ge­çen du­şu­şyk­da Ang­li­ýa Gol­lan­di­ýa­ny 4–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Oýun­da Alan Şi­rer (23 p, 57) bi­len Ted­di Şe­rin­ga­myň (51, 62) her­si 2 gol ge­çir­di.Gol­lan­di­ýa­nyň ýe­ke to­pu­ny-da Klui­wert (78) der­we­zä gi­ri­zip, pyr­ty­kal reňk­dä­ki­ler şol go­luň sa­ýa­syn­da 2-nji tap­gy­ra çyk­ma­gy ba­şar­dy.
“B” to­par­ça­da 1-nji oýun­lar­da Is­pa­ni­ýa bi­len Bol­ga­ri­ýa 1 utu­gy paý­laş­dy (Al­fon­so 74 – Stoiç­kow 65 p). Fran­si­ýa Du­ga­ri­niň 25-nji mi­nut­da­ky ýe­ke-täk pök­gü­si bi­len Ru­my­ni­ýa­dan üs­tün çyk­dy. Edil şo­nuň ýa­ly ne­ti­je Bol­ga­ri­ýa bi­len Ru­my­ni­ýa­nyň ara­syn­da bo­lup, bol­gar­lar Stoiç­ko­wyň 3-nji mi­nut­da­ky go­ly esa­syn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Fran­si­ýa bi­len Is­pa­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da-da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy (Jor­ka­ýeff 48 – Ka­mi­ne­ro 85). 3-nji du­şu­şyk­lar­da Fran­si­ýa Bol­ga­ri­ýa­ny 3–1 (Blan 21, Pe­new 63 ö.d., Lo­ko 90 – Stoiç­kow 69), Is­pa­ni­ýa-da Ru­my­ni­ýa­ny 2–1 (Man­ýa­rin 11, Amor 84 – Ra­di­çou 29) ha­sa­byn­da utup, to­par­ça­da 1–2-nji ýer­le­ri eýe­le­di­ler.
“C” to­par­ça­da Ger­ma­ni­ýa çeh­le­ri Kris­ti­an Zie­ge­niň (26) we And­re­s Möl­le­riň (32) gol­la­ry bi­len 2–0, Ita­li­ýa we­lin, Rus­si­ýa­ny 2–1 (Ka­zi­ra­gi 5, 52 – Sym­ba­lar 21) ha­sa­byn­da ut­dy. 2-nji du­şu­şyk­lar­da Çe­hi­ýa 1994–Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň fi­nal­çy­sy Ita­li­ýa­ny 2–1 ha­sa­by bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di (Ned­wed 4, Beýbl – Kie­sa 18). Ne­mes­ler Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­dan aň­sat­lyk bi­len üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy (3–0). Ýe­ňiş ga­za­nan to­pa­ryň gol­la­ry­ny Zam­mer (56) bi­len Klins­mann (77, 90) der­we­zä gi­riz­di. 3-nji du­şu­şyk­la­ryň 2-si hem deň­lik­de gu­tar­dy. Ita­li­ýa bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky oýun­da ha­sap açyl­ma­dyk bol­sa, Rus­si­ýa bi­len Çe­hi­ýa­nyň du­şu­şy­gyn­da jan­kö­ýer­ler 6 go­luň şa­ýa­dy bol­du­lar (3–3; Mos­to­woý 49, Tet­rad­ze 54, Bes­çast­nyh 85 – Su­ço­pa­rek 5, Ku­ka 19, Şmi­ser 88). Bu ne­ti­je­ler­den soň Ger­ma­ni­ýa 1-nji ýe­ri eýe­le­di. 4 utuk top­lan 2 to­par­dan Çe­hi­ýa Italiýa bilen ikiçäk oýun­da ýe­ňiş ga­za­na­ny üçin çär­ýek fi­na­lyň pe­te­gi­ni al­ma­gy ba­şar­dy.
“D” to­par­ça­da Da­ni­ýa bi­len Por­tu­ga­li­ýa­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy (B. La­ud­rup 22 – Sa Pin­to 53). Çem­pio­na­tyň deb­ýu­tant­la­ry Tür­ki­ýe bi­len Hor­wa­ti­ýa­nyň ara­syn­da­ky oýun 1–0 ha­sa­byn­da hor­wat­la­ryň peý­da­sy­na gu­tar­dy (Wlao­wiç 86). Türk­ler edil şol ha­sap bi­len por­tu­gal­lar­da­nam utul­dy (Fer­nan­do Kou­ta 66). To­par­ça­da­ky ga­lan 3 du­şu­şyk 3–0 ha­sa­byn­da ta­mam­lan­dy. Hor­wa­ti­ýa Da­ni­ýa­ny (Şu­ker 53 p, 90, Bo­ban 81), Por­tu­ga­li­ýa-da Hor­wa­ti­ýa­ny (Fi­go 4, Žoao Pin­to 33, Do­min­gos 82), şeý­le-de Da­ni­ýa Tür­ki­ýä­ni (B. La­ud­rup 50, 84, A. Nil­sen 69) 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­me­gi ba­şar­dy. Ne­ti­je­de, Por­tu­ga­li­ýa bi­len Hor­wa­ti­ýa de­giş­li­lik­de, 7 we 6 utuk top­lap, çär­ýek fi­na­la çyk­dy.
Çär­ýek fi­nal­da Is­pa­ni­ýa bi­len ýer eýe­si Ang­li­ýa­nyň hem-de Fran­si­ýa bi­le­nem Gol­lan­di­ýa­nyň ara­syn­da­ky oýun­lar­da esa­sy we goş­ma­ça wagt­lar­da ha­sap açyl­ma­dy. Ýe­ňi­ji­ni pe­nal­ti ur­gu­la­ry kes­git­le­di. Bu ur­gu­lar­da Ang­li­ýa 4–2, Fran­si­ýa bol­sa, 5–4 ha­sa­byn­da üs­tün­lik ga­za­nyp, ýa­rym fi­nal­çy bol­dy. Ger­ma­ni­ýa Hor­wa­ti­ýa­ny 2–1 ha­sa­byn­da utup, ýa­rym fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Oýun­da ne­mes­le­riň adyn­dan Klins­mann (20 p) bi­len Zam­mer (59), hor­wat­lar­dan Şu­ker (51) ta­pa­wut­lan­dy. Ka­rel Po­bors­ki­niň 53-nji mi­nut­da­ky owa­dan we ýat­dan çyk­ma­jak go­ly bi­len Por­tu­ga­li­ýa­ny ýe­ňen çeh­ler soň­ky ýa­rym fi­nal­çy bol­dy.
Ýa­rym fi­nal­da­ky 2 oýun­da-da ýe­ňi­ji pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­dan soň bel­li bo­lup, çeh­ler bi­len ne­mes­ler fi­nal pe­te­gi­ni al­dy. “Old Traf­ford­da­ky” Fran­si­ýa bi­len Çe­hi­ýa­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da ha­sap açyl­ma­dy. Pe­nal­ti­ler­de has dürs ne­ti­je (6–5) ga­za­nan çeh­ler ikin­ji ge­zek fi­nal­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, olar 1976-njy ýyl­da ýa­ryş­da-da fi­na­la çy­kyp­dy we ýe­ňi­ji bo­lup­dy. “Wemb­li­dä­ki” beý­le­ki ýa­rym fi­nal­da ýer eýe­si iň­lis­ler bi­len ola­ryň eze­li bäs­de­şi ne­mes­ler du­şuş­dy. 3-nji mi­nut­da Alan Şi­rer bi­len öňe saý­la­nan iň­lis­le­riň to­run­dan deň­lik pök­gü­si­ni 16-njy mi­nut­da Ste­fan Kunts gi­riz­di. Ne­ti­je­de, oýun­da pe­nal­ti­le­re çen­li ha­sap üýt­ge­me­di. On­da-da Ger­ma­ni­ýa 6–5 üs­tün­lik ga­za­nyp, bas­syr 2-nji, umu­my­lyk­da 5-nji sa­par fi­na­la çyk­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. Ne­mes­ler 1972–76–80-nji ýyl­lar­da­ky çem­pio­nat­lar­da-da bas­syr 3 sa­par fi­nala çy­kyp­dy.
Fi­nal oýny Ger­ma­ni­ýa bi­len Çe­hi­ýa­nyň ara­syn­da oý­nal­dy. Iki to­par bu fi­nal oý­nun­dan 21 gün öňem to­par­ça­da öza­ra du­şu­şyp­dy. Şon­da ne­mes­ler çeh­le­ri 2–0 ha­sa­byn­da utup­dy. Şeý­le hem bu fi­nal du­şu­şy­gy 2-si­niň ara­syn­da­ky 2-nji fi­nal bo­lup, 1976-njy ýyl­da Ýu­gos­la­wi­ýa­da­ky çem­pio­na­tyň fi­na­lyn­da-da çeh­ler bi­len ne­mes­ler öza­ra güýç sy­na­ny­şyp­dy. Şon­da ozal­ky Çe­hos­lo­wa­ki­ýa Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa­ny esa­sy wag­ty 2–2 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­la­nan oýun­da pe­nal­ti­ler­den soň (5–3) ýeň­lişe se­ze­war edip­di. Ýö­ne bu ge­zek­ki fi­nal baş­ga­ça bol­dy we Ger­ma­ni­ýa şol utu­lan fi­na­ly­nyň öwe­zi­ni dol­ma­gy ba­şar­dy.
10-njy Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň fi­nal du­şu­şy­gy 30-njy iýun­da Lon­don­da­ky “Wemb­li” sta­dio­nyn­da oý­na­lyp, oňa 73611 jan­kö­ýer to­ma­şa et­di. Du­şu­şyk­da ita­li­ýa­ly Pi­er­lui­ji Pai­ret­to jür­le­wük çal­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen du­şu­şy­gyň 1-nji ýa­ry­myn­da ha­sap açyl­ma­dy. Oýnuň bir sa­gady ta­mam­la­nyp bar­ýar­ka, has ta­ky­gy 59-njy mi­nut­da çeh­le­riň ez­ber oýun­çy­sy Pat­rik Ber­ger bel­le­nen 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­sy­ny dürs ýe­ri­ne ýe­ti­rip ha­sa­by aç­dy. 69-njy mi­nut­da oý­na gi­ren Oli­wer Bir­hoff du­şu­şy­gyň gah­ry­ma­ny bol­dy. Ol 73-nji mi­nut­da ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy. Oý­nuň esa­sy wag­ty 1–1 deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Şol wagt­ky düz­gü­ne la­ýyk­lyk­da, goş­ma­ça wagt­da ge­çi­ri­len gol ýe­ňi­ji­ni kes­git­le­ýär­di. “Al­tyn gol” di­ýil­ýän bu ul­gam ne­mes­le­re 3-nji ku­bo­gy­ny ga­zan­dyr­dy. 95-nji mi­nut­da ýe­ne-de Oli­wer Bir­hof­fyň çep aýa­gy bi­len de­pen to­pu­na der­we­ze­çi Pi­ter Ku­ba çä­re ta­pyp bil­me­di. Şun­luk­da, 1992-nji ýyl­da ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da Da­ni­ýa­dan as­gyn ge­len Ger­ma­ni­ýa yk­ly­myň ku­bo­gy­ny 3-nji ýo­la alan il­kin­ji to­par bol­dy. Olar bu ugurda 2012-nji ýy­la çen­li ýe­ke-täk to­par­dy.