ABŞ-nyň dün­ýä bel­li “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “iP­ho­ne” yk­jam te­le­fon­la­ry­nyň sa­tu­wa çy­ka­ry­la­ny­na 10 ýyl dol­dy. 10 ýyl mun­dan ozal, ABŞ-da “iP­ho­ne” te­le­fon­la­ry­nyň il­kin­ji­le­ri sa­tu­wa çy­ka­ryl­ypdy. Yk­jam te­le­fon­la­ryň sen­sor­ly do­lan­dy­ryş ul­ga­my 2005-nji ýyl­da iş­le­nip dü­zül­di. Ol kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Stiw Job­suň hem-de be­zeg­çi Jo­na­tan Aý­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­dy. Şeý­le de­re­je­li il­kin­ji te­le­fon 2007-nji ýy­lyň 9-njy ýan­wa­ryn­da San-Fran­sis­ko­da­ky “Macworld” ser­gi­sin­de halk köp­çü­li­gi­ne hö­dür­len­di. Şeý­le­lik­de, yk­jam te­le­fon­la­ryň ba­za­ryn­da tä­ze döw­re ga­dam ba­syl­dy. Şeý­le hem ol gün­de­lik dur­mu­şyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di.
“App­le” kom­pa­ni­ýa­sy il­kin­ji ýyl­da smart­fon­la­ryň, ýag­ny yk­jam te­le­fon­la­ryň 5 mil­lio­ny­ny sat­dy. “iP­ho­ne” te­le­fo­ny­nyň ikin­ji gör­nü­şi bir ýyl­dan soň­ra iş­le­nip taý­ýar­lan­dy. Iki ýyl­dan soň­ra üçün­ji gör­nü­şi köp­çü­li­ge hö­dür­len­di. Ge­çen ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da “iP­ho­ne-7” hem-de “iP­ho­ne-7 Plus” yk­jam te­le­fon­la­ry bu ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň muş­dak­la­ry­nyň söý­gü­si­ni ga­zan­dy. Iki aý mun­dan ozal, “App­le” 1 mil­li­ar­dyn­jy te­le­fo­ny­ny sat­dy.
Ge­çen ma­li­ýe ýy­lyn­da “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy “iP­ho­ne” te­le­fon­la­ry­nyň sa­tu­wyn­dan 136 mil­liard dol­lar gir­de­ji ga­zan­dy. Ol kom­pa­ni­ýa­nyň umu­my gir­de­ji­si­niň üç­den iki bö­le­gi­ni eme­le ge­tir­ýär. Şu ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de “App­le” tu­tuş dün­ýä­de yk­jam te­le­fon­la­ryň sa­na­wyn­da Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­syn­dan soň­ra ikin­ji or­ny eýe­le­di.