Golaýda Parižde geçirilen awiasiýa sergisinde “Boom Supersonic” kompaniýasy sesden çalt gitjek uçaryny tanyşdyrdy. 45-55 ýolagça niýetlenen howa gämisiniň tizligi sagatda 2 müň 330 km bolar. Bu tizlik bilen hereket edilende, London – Nýu-Ýork arasy bary-ýogy 3 sagat 15 minutda geçiler. Häzirki wagtda ulanyşdan galdyrylan sesden çalt hereket edýän dünýäniň ilkinji ýolagçy uçary “Concorde”-lar bu iki şäheriň arasyny 3,5 sagatda geçýärdi. Kompaniýanyň ýolbaşçylary London – Nýu-Ýork arasyndaky gidiş-geliş peteginiň bahasynyň 5 müň dollar töweregi boljakdygyny aýdýar. “British Airways” kompaniýasynyň “Concorde” uçarlarynyň bahalaryny häzirki pula öwreniňde, 16 müň dollar töweregi bolýar. 5 müň dollar gymmat hasaplanmagy hem mümkin. Emma “Business Class” ýolagçylary iki şäheriň aralygy üçin kähalatlarda ondan hem köp pul tölemeli bolýarlar. “Boom” bahasynyň “arzan” bolmagyny uçaryň ýeňil materialdan ýasaljakdygy bilen düşündirýär. Uçar ýeňil bolanda, has az ýangyç sarp edýär. Mälim bolşy ýaly, awiakompaniýalaryň çykdajylarynyň arasynda ýangyç has köp orun tutýar. Şeýle hem göwrümi kiçi bolansoň, awiasiýa şereketleri bu howa gämisini aňsatlyk bilen dolduryp, ýokary girdeji gazanyp bilerler.
Ýolagçy kabinasynyň içinde koridoryň iki tarapynda hem bir orunlyk oturgyçlar bolar. Her oturgyçda ekran, iş stoly, şkaf we giň penjire bolar. Ýolagçylar Ýerden 60 müň fit (18 müň 200 metr) beýiklikden uçarlar.
“Boom” kompaniýasynyň hünärmenleri bu uçardan 76 sany sargyt alandyklaryny aýdýar. Şeýle hem 2023-nji ýylda önümçiligine başlanjak uçaryň üçden biri ululygyndaky nusgasynyň taýýardygyny belleýärler.