Se­na­gat öw­rü­li­şi­gin­den bä­ri ener­gi­ýa­nyň aşa köp de­re­je­de ula­nyl­ma­gy te­bi­ga­ta bel­li bir de­re­je­de zy­ýan ýe­tir­di. Onuň öňü­ni al­mak üçin köp ýyl­dan bä­ri ta­gal­la edil­ýär. Ener­gi­ýa­ny tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak we al­ter­na­tiw çeş­me­le­ri dö­ret­mek üçin tä­ze tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ge­çen aýyň ba­şyn­da Hy­taý 2020-nji ýy­la çen­li ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän gör­nüş­le­ri­ne 361 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum bö­lüp be­ren­di­gi­ni mä­lim et­di. In­di bol­sa ýurt­da 40 müň agaç­ly to­kaý şä­he­ri­niň tas­la­ma­sy taý­ýar­lan­dy. Bu iri toplum hem ener­gi­ýa ön­dü­rer, hem-de ho­wa­ny aras­sa­lar. Ýur­duň Guang­şi we­la­ýa­tyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­jek tas­la­ma­ny ital­ýan ar­hi­tek­to­ry Ste­fa­no Boe­ri taý­ýar­la­dy. Ol ýer­de köp­gat­ly des­ga­la­ryň on­lar­ça­sy gur­lup, ola­ryň üs­tü­ne agaç­lar we beý­le­ki ösüm­lik­ler eki­ler. Şeý­le des­ga­lar ýur­duň beý­le­ki şä­her­le­rin­de hem gu­rul­ýar.