Bagtyýarlyga beslenýän häzirki döwrümizde ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän her bir aýgytly waka taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwletimiziň geçen 10 ýyllyk taryhy ýoly barada söhbet açýan “Arkadagyň ajap eýýamy” atly täze kitap giň okyjylar köpçüligine gowuşmak bilen ýurdumyzyň taryhynda täze altyn sahypany açdy.
Kitaby eliňe alan dessiňe kalbyňda iň ýakymly duýgular döreýär. Eseriň daş sahabynda Gahryman Arkadagymyzyň ak atynda ak ýollara rowan bolup barşy halkymyzyň ykbalynda täze durmuşyň, bagtyýar ýaşaýşyň başlanmagy bilen täze ýola düşendigini alamatlandyrýar.
14 bölümden we jemlemeden ybarat bolan täze kitapda döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen gününden başlap, häzirki wagta çenli ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda durmuşa geçirilen oňyn özgertmeler, beýik maksatly başlangyçlar we il-halkyň bähbidine amala aşyrylan işler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Kitapda milli Liderimiziň ynsanperwerlikden gözbaş alýan anyk maksada gönükdirilen oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasatynyň, Türkmenistanyň ählumumy geosyýasy ýagdaýlara täsir edip bilýän mynasyp we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde dünýäniň syýasy hem-de ykdysady giňişligine goşulyşmagyndan ugur alýan maksatlaýyn taslamalarynyň amal edilişi aýdyň beýanyny tapýar.
10 ýyl taryh üçin uzak möhlet däldir. Ýöne şu döwür içinde ýurdumyzyň durmuşynda amala aşyrylan ykbal özgerdiji işler barmak basyp sanardan köpdür.
Kitap terjimehal bölüminden başlanýar. Onda döwlet Baştutanymyzyň çagalygy, ýaşlygy, zähmet ýoluna başlaýşy, hünär taýdan kämilleşişi, ylym ulgamynda alyp baran işleri hem-de ýolbaşçy wezipelerindäki işleri barada söhbet açylýar. Kitabyň “Ata-baba ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek” atly bölüminde Arkadag Prezidentimiziň asyl-aňyrsy barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär.
Indiki bölümler milli Liderimiziň Prezident wezipesinde ýurdy dolandyrýan ýyllaryna bagyşlanýar. Onuň düýp mazmuny parahatçylyk, durnuklylyk, ynsanperwerlik, durmuş adalatlylygy, ýokary ruhubelentlik, oňyn netije gazanmak ýaly möhüm ugurlara daýanýar. Bu günki gün ýurdumyzyň umumadamzat bähbidine gönükdirilen işlerde gazanýan üstünliklerini, toplan tejribesini bütin dünýä ykrar edýär. Türkmen jemgyýetiniň belent ruhy, ykdysady ösüş, ýokary galkynyşly döredijilik, ylmy-tehniki ösüşiň okgunly ilerlemegi dünýä ýaşaýşyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Bu işleriň düýp esasy Gahryman Arkadagymyzyň ylahy zehinine, anyk ugurly maksada gönükdirilen oýlanyşykly we öňdengörüjilikli başlangyçlaryna hem-de tejribesine daýanýar.
“Arkadagyň ajap eýýamy” atly kitap okyjyny 2007 – 2017-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzda bitirilen ägirt uly işleriň jümmüşine alyp gidýär. Onda milli Liderimiziň ykdysady strategiýany durmuşa geçirmeginiň netijeleri, durmuş syýasatynyň üstünlikleri, ýurdumyzyň daşary syýasat ýörelgesiniň täzeçilligi, milli Liderimiziň möhüm halkara başlangyçlary, dünýä ykrarnamasyna eýe bolan üstünlikleri öz beýanyny tapýar. Şeýle hem neşirde hormatly Prezidentimiziň mynasyp bolan milli hem-de halkara sylaglary, halkymyza peşgeş beren ylmy we döredijilik eserleriniň sanawy beýan edilýär. Fotosuratlar, resmi habarlaryň şekilleri kitaby baý mazmuna eýe edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan milli Lideri bilen dünýä taryhyna öz adyny altyn harplar bilen ýazdy. Durmuşyň ähli ugurlary babatda öňe sürýän oňyn başlangyçlary bilen dünýä ykrarnamasyna eýe boldy. Bu günki gün milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde öňe sürýän başlangyçlaryny bütin dünýä goldaýar. Ýurdumyz gysga döwrüň içinde Ginnesiň rekordlar kitabynda täze sahypalary eýeledi. Ýurdumyzyň taryhy-medeni, milli gymmatlyklarynyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň adamzadyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Eziz Arkadagymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden eden çykyşlary, öňe süren teklipleri, başlangyçlary halkara gatnaşyklarynyň ýolunda gyzgyn goldaw tapdy. Munuň özi Türkmen Lideriniň sazlaşykly, ynsanperwerlik maksatlaryna ýugrulan syýasatynyň arzyly maksada ýetmäge – halka täze, bagtyýar durmuşy üpjün etmäge gönükdirilendigini beýan edýär.
Mähriban halkymyz bu günki gün eziz Arkadagymyz bilen ösüşleriň täze belentliklerine barýar. Gahryman Arkadagymyzyň bütin durmuşymyzy gurşap alan oňyn netijeli özgertmeleri halkymyza goşa ganat berýär. Jemgyýetiň sagdynlygy, adamlaryň ruhubelentligi täze işleri amala aşyrmaga, eziz Arkadagymyzyň daşyna has-da mäkäm jebisleşmäge ýardam edýär.
Goý, geljekde hem Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan asyrlara barabar beýik işleri, belent başlangyçlary uly rowaçlyklara beslensin!
Bagdagül Udaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň uly mugallymy.