Şu aýyň 7–8-ine Ger­ma­ni­ýa­nyň Gam­burg şä­he­rin­de geçirilen “Uly-20”-li­giň sam­mi­tinde hal­ka­ra söw­da­ny has-da ös­dür­mek bi­len bir ha­tar­da, daş­ky gur­şa­wy aýaw­ly sak­la­mak me­se­le­si barada hem gi­ňiş­le­ýin pi­kir al­şyl­dy hem-de bu ba­ra­da anyk tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di. Şeý­le hem te­bi­ga­ty go­ra­mak me­se­le­si­ne ba­gyş­la­nyp, şu ýy­lyň ahy­ryn­da Fran­si­ýa­da hal­ka­ra fo­ru­myň ge­çi­ril­jek­di­gi aýan edil­di. Umu­man, dün­ýä ýurt­la­ry pla­ne­ta­my­zyň daş­ky gur­şa­wy­ny go­ra­mak, te­bi­gy çeş­me­le­ri aýaw­ly sak­la­mak hem-de gaý­ta­dan di­kelt­mek üçin uly ta­gal­la ed­ýär. Dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­la­ryň te­bi­ga­ta zy­ýan ýe­tir­mez­li­gi mak­sat edi­nil­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ho­wa­ny iň köp ha­pa­la­ýan zat­la­ryň bi­ri hem aw­tou­lag­lar­dyr. Has dog­ru­sy, gu­ry ýer­de, suw­da we ho­wa­da he­re­ket ed­ýän gat­naw se­riş­de­le­ri­niň äh­li­si di­ýen ýa­ly ho­wa­ny za­ýa­la­ýar. Kä­bir ýurt­da gat­naw se­riş­de­le­rin­de ener­gi­ýa­nyň al­ter­na­tiw çeş­me­le­rin­den peý­da­la­nyl­ýar. My­sal üçin, Gol­lan­di­ýa şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýurt­da he­re­ket ed­ýän äh­li de­mir ýol ulag­la­ry­nyň ýel ener­gi­ýa­syn­dan al­nan ener­gi­ýa bi­len he­re­ket edip baş­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Soň­ky ýyl­lar­da çyk­ýan aw­tou­lag­la­ryň ara­syn­da gib­rid gör­nüş­le­ri köp hem bol­sa, en­tek olar ben­zin we di­zel ýa­ly ýan­gy­jyň beý­le­ki gör­nüş­le­rin­den hem peý­da­lan­ýar­lar. Şol se­bäp­li aw­tou­lag­la­ryň ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak­la­ry üçin köp ta­gal­la edil­ýär. Mu­ňa dür­li ýurt­lar hem gol­daw ber­ýär.
Go­laý­da Fran­si­ýa ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa çeş­me­le­ri bi­len iş­le­ýän aw­tou­lag­la­ryň ýa­ty­ryl­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ýur­duň daş­ky gur­şaw mi­nist­ri Nicolas Hu­lot 2040-njy ýyl­dan soň­ra ola­ryň do­lu­ly­gy­na ýa­ty­ryl­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Şeý­le hem mi­nistr elekt­rou­lag­la­ryň we gib­rid ulag­la­ryň sa­tu­wy­na hem-de ula­ny­ly­şy­na gol­daw be­ril­jek­di­gi­ni aýan et­di. Ol kö­ne aw­tou­lag­la­ryň ho­wa­ny ha­pa­la­ýan­dy­gy üçin ola­ra goş­ma­ça sal­gyt sa­lyn­jak­dy­gy­ny hem duý­dur­dy. Bu ýag­daý uzak möh­let­de tap­gyr­la­ýyn ama­la aşy­ry­lar. Şeý­le­lik­de, ýurt­da ýan­gyç hök­mün­de ne­bit önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän aw­tou­lag­la­ryň sa­ny ýu­waş-ýu­waş­dan aza­lyp, ola­ryň ýe­ri­ne aras­sa ener­gi­ýa­dan peý­da­lan­ýan gör­nüş­le­ri peý­da bo­lar.
Ýa­kyn­da “Volvo” kom­pa­ni­ýa­sy hem 2019-njy ýyl­dan baş­lap, di­ňe gib­rid we elekt­ro­mo­bil ön­dür­jek­di­gi­ni mä­lim edip­di.