Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň milli medeni ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Medeniýet – adamyň we jemgyýetiň döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň toplumydyr. Ol jemgyýetiň sosial instituty bolup, ruhlandyryjy, terbiýeçilik, şahsyýetara gatnaşyklary sazlaşdyryjy hem-de ony kämilleşdiriji wezipeleri ýerine ýetirýär. Hut şonuň üçin-de, häzirki döwürde medeniýete döwlet syýasatynyň derejesinde milletiň we ýurduň ruhy galkynyşynyň möhüm çeşmesi bolan demokratik we sosial özgertmeleriň binýady hökmünde baha berilýär. Milli Liderimiziň öňdengörüji, pähim-parasatly döwlet ýolbaşçysy hökmünde türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda bitirýän hyzmatlary-da dünýä derejesinde ykrar edilendir.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda türkmen halkynyň medeniýetiniň täze ýokary derejä göterilmegi ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmegiň strategiýasyny işläp düzmäge giň şert döredilendiginiň netijesidir. Hut şonuň üçin-de ýurdumyzyň medeni ulgamynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Häzirki döwürde Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen ykjam, ysnyşykly medeni hyzmatdaşlygy alyp barmagy, paýtagtymyz Aşgabatda we diýarymyzyň dürli künjeklerinde halkara forumlaryň, festiwallaryň, ylmy maslahatlardyr simpoziumlaryň ýygy-ýygydan geçirilýändigi medeni gatnaşyklaryň geografiýasynyň ýyl-ýyldan giňelýändigini görkezýär. Häzirki döwürde ýurdumyz milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry netijesinde, dünýä döwletleri, ÝUNESKO, ÝUNISEF, TÜRKSOÝ ýaly ýokary halkara abraýa eýe bolan düzümleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk işlerini amala aşyrýar. Şeýle gatnaşyklar ýurdumyzyň GDA döwletleri bilen alyp barýan özara medeni hyzmatdaşlygynda hem aýdyň ilerlemelere eýedir. “Ylma-bilime, medeniýete serhet ýok” diýlişi ýaly, medeni gatnaşyklar dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň köpasyrlyk medeniýeti bilen tanyşdyrmaga ýardam edýär.
Bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde ýurdumyzyň medeni ulgamynyň kanunçylyk binýady hem düýpli berkeýär. 2012-nji ýylyň 22-nji dekabrynda “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi türkmen halkynyň medeniýetini gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek we peýdalanmak çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirdi. Ol medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitledi. 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda täze rejelenen görnüşde kabul edilen “Türkmenistanyň taryhy we medeni mirasyny goramak hakynda”, 2013-nji ýylyň 9-njy noýabrynda “Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda”, 2015-nji ýylyň 28-nji fewralynda “Milli maddy we maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň medeni ulgamynyň rowaçlyklara eýe bolmagyna täze mümkinçilikleri açdy.
Hormatly Prezidentimiz çuňňur mazmuna eýe bolan ylmy we çeper döredijiligi bilen halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak, geçmiş taryhymyza bolan duýgy-düşünjelerimizi ösdürmek babatda hem uly işleri amal edýär. “Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr”, “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Janly rowaýat”, “Älem içre at gezer”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Döwlet guşy”, “Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk”, “Bitarap Türkmenistan”, “Ynsan kalbynyň öçmejek nury”, “Ile döwlet geler bolsa…”, “Çaý – melhem hem ylham”, “Gadamy batly bedew”, “Arşyň nepisligi” ýaly ençeme eserleri halkyň pähim-paýhasyndan kemala gelen medeniýeti düýpli beýan edýär. Milli Liderimiziň “Medeniýet – halkyň kalbydyr” hem-de “Türkmen medeniýeti” kitaby bolsa, gönüden-göni ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan üstünliklere we ýetilýän belent sepgitlere bagyşlanan eserlerdir.
Hawa, ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde durýar. Bu ugurda milli Liderimiziň kabul edýän aýdyň çözgütleri ýurdumyzyň dünýä medeni ulgamyna goşulyşmak ýoluny kämilleşdirýär. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 7-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda milli medeniýetimizi, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatymyzy, telewideniýäni, radiony we medeni aň-bilim edaralaryny, metbugat we neşirýat ulgamyny ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, agzybir halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliklerini türkmen milli toýy görnüşinde geçirmek maksady bilen täze Karara gol çekdi. Çözgüde laýyklykda, 2018-nji ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi we bu hepdeligi geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy. Çözgüde laýyklykda hepdeligiň çäginde türkmen medeniýetiniň gülläp ösýän ojagy bolan Ahal welaýatynda halkymyzyň medeniýetiniň ösen derejesi dünýä ýaýylar.
Goý, umumadamzat gymmatlygy, jemgyýetiň hereketlendiriji güýji bolan medeniýetiň pajarlap ösmegi netijesinde dünýä halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemegine aýdyň ýollary açýan eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Gurbangül SEÝITMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.