Hindistanda Gün energiýasy bilen işleýän ilkinji otly gatnawy ýola goýuldy. Ol ýurduň iri şäherleriniň arasynda hereket eder.
– Biz 6 wagondan ybarat bolan we 1600 at güýjünde hereket edýän otly gatnawyna başladyk. Häzirki wagtda onuň gije hem hereket etmegi babatda iş alyp barýarys. Munuň üçin akkumulýatorlar oturdyldy – diýip, demirýol kompaniýasynyň wekili Anin Saksena gürrüň berdi. Hindistanda ýylyň ähli döwründe Gün energiýasyndan peýdalanmak üçin mümkinçilik bar. Üsti elektrik panelleri bilen örtülen otly bir ýylyň dowamynda belli bir möçberde dizel ýangyjyny tygşytlamaga hem-de hapa gazlaryň howa goýberilmeginiň öňüni almaga şert döreder.
Otlunyň wagonlaryny ýene-de dizel ýangyjy bilen hereket edýän lokomotiw çekýär. Gün panellerinden öndürilýän energiýa ýolagçylara hyzmat etmek üçin ulanylýan sowadyş, yşyklandyryş we maglumat beriş ulgamlary üçin sarp edilýär. Gün panelleri ýerleşdirilen 6 wagon bir ýylda 21 müň litr dizel ýangyjyny tygşytlamaga mümkinçilik berer. Eger Hindistanyň çäginde hereket edýän 11 müň otla Gün panelleri ýerleşdirilen ýagdaýynda onda 10 ýylda 6,3 milliard dollara golaý pul serişdelerini tygşytlamak bolar.