Ýewropanyň günortasynda ýerleşýän San-Marino Respublikasy ilkinji bolup, internetiň 5G ulgamyndan peýdalanmaga başlar. 2018-nji ýylyň ahyrynda bu ýurt internet torunyň täze neslini ulanmaga girişer. San-Marinonyň ähli tarapyny Italiýa Respublikasynyň territoriýasy gurşaýar. “Telecom Italia Mobile” (TIM) aragatnaşyk operatory täze tehnologiýany bu ýurtda ulanmaga başlamagy meýilleşdirýär.
TIM kompaniýasynyň ýolbaşçylaryndan Jowani Ferigo Ýewropanyň 2G ulgamly tehnologiýasynyň ösdürilmeginde esasy orun eýeländigini, ýöne 3G ulgamyny özleşdirmekden Aziýa ýurtlaryndan, 4G ulgamy boýunça ABŞ-dan yza galandygyny mälim etdi. Ol 5G ulgamyny ilkinjileriň hatarynda ýola goýup, Ýewropanyň bu ugurdaky öňdebaryjylygyny täzeden subut etmegi meýilleşdirýändiklerini belläp geçdi.
Häzirki wagtda ykjam aragatnaşyk operatorlary arkaly 5G ulgamyny synagdan geçirýärler. Ol, esasan hem, Günorta Koreýada, Hytaýda we ABŞ-da işjeň ýagdaýda durmuşa geçirilýär.
Ýewropa Komissiýasynyň baha bermegine görä, internet torunyň täze nesline geçmek bilen, 2025-nji ýyla çenli 113 milliard ýewro möçberinde girdeji gazanmak mümkin bolar. Ýewropada bu ugurda zerur bolan infrastrukturany döretmek üçin 56 milliard ýewro möçberinde maýa goýum goýmak meýilleşdirilýär we ol bolsa, 2,3 million täze iş ornunyň döremegine getirer.