Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ba­dal­ga be­ren Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­lyn­da ýur­du­myz toý da­ba­ra­la­ra bes­len­di. Çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň mil­li ny­şa­ny bo­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ziň şa­ny­na tu­tul­ýan toý – da­ba­ra­la­ryň ge­ri­mi giň­den tu­tul­dy. Bu dabaralara gatnaşmak üçin dünýäniň ençeme döw­le­tin­den 400-e go­laý myh­man gel­di.
Türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my­nyň çäk­le­rin­de Kö­pet­da­gyň aja­ýyp ete­gin­de hä­zir­ki­ za­man we döw­re­bap Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­my hem-de Kä­ri­zek ge­ňeş­li­gi­niň Aba An­na­ýew oba­sy açy­lyp, ulan­ma­ga be­ril­di. Gö­zel­li­gi we ýyn­dam­ly­gy ba­bat­da taý­syz ahal­te­ke be­de­wi­niň me­ka­ny hök­mün­de dün­ýä ýü­zün­de yk­rar edi­len ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len bu açy­lyş da­ba­ra­sy­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem gat­naş­dy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da ulan­ma­ga ber­len döw­re­bap at­çy­lyk top­lu­my 600 baş ahal­te­ke to­hum at­la­ry­na ni­ýet­le­nen­dir. Gö­zel di­ýa­ry­myz­da şeý­le des­ga­la­ryň yzy­gi­der­li açyl­ma­gy ga­myş­gu­lak be­dew­le­ri­mi­ziň şan-şöh­ra­ty­ny has-da art­dyr­mak, ýur­du­myz­da at­çy­lyk pu­da­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­bat­da uly ala­dalaryň edil­ýän­di­gi­niň aýdyň su­but­na­ma­sy­dyr. Şeý­le hem bu ýer­de 114 maş­ga­la üçin 2 gat­ly, iki öý­li 57 sa­ny ýa­şa­ýyş ja­ýy, 240 orun­lyk mek­dep, 160 orun­lyk ça­ga­lar ba­gy, dü­kan, sport we ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen oýun meý­dan­ça­la­ry we beý­le­ki bir­nä­çe kö­mek­çi des­ga­lar bar.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry, ýa­daw­syz zäh­me­ti bi­len pe­der­le­ri­miz­den mi­ras ga­lan se­ýis­çi­lik sun­ga­ty tä­ze uly ösüş­le­re eýe bol­ýar. Ýur­du­myz­da at­çy­lyk spor­tu­nyň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň, gö­zel­lik bäs­le­şik­le­ri­niň we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra fo­rum­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi, türk­men ji­git­le­ri­niň at üs­tün­dä­ki tä­sir­li oýun­la­ry ahal­te­ke be­de­wi­niň şöh­ra­ty­ny tä­ze­den dün­ýä dol­dur­dy.
Türk­men be­de­wi­niň tyl­la­ýy şug­la­la­ra bes­le­nen heý­kel­le­ri paý­tag­ty­my­zyň se­ýil­gäh­le­ri­dir ýur­du­my­zyň dür­li ýer­le­rin­de bi­na edi­len at­çy­lyk top­lum­la­ry­nyň bi­na­gär­lik keş­bi­niň tä­ji­ne öw­rül­di. Döw­let Tug­ra­my­zyň mer­ke­zin­de atyň keş­bi­niň ýer­leş­di­ril­me­gin­de paý­tag­ty­myz­da bi­na edil­ýän Olim­pi­ýa şä­he­ri­niň ny­şa­ny hök­mün­de atyň kel­le­si­niň şe­ki­li­niň ka­bul edi­lip alyn­ma­gyn­da hem hal­ky­my­zyň be­hiş­di be­dew­le­re goý­ýan be­lent hor­ma­ty äş­gär ýü­ze çyk­ýar.