Agata Kristiniň (1890–1976) okyjylarynyň ýüzlerçesiniň ýazan hatlary biziň günlerimize çenli gelip gowşup, olaryň köpüsi häzirki wagtda giň okyjylar köpçüligine hödürlendi. Olaryň iň gyzyklysy bolsa, iňlis edebiýatçysy we dramaturgy Pelem Grenwil Wudhausyň hatydyr.
Mettýu Priçard – dünýä belli britan ýazyjy zenany, Agata Kristiniň agtygy öz mamasynyň okyjylar bilen ýazyşan hatlaryny neşir etdi. “The Guardian” neşiriniň habar bermegine görä, detektiw žanryň ady rowaýata öwrülen ýazyjysynyň neberesi öz mamasynyň doglan gününiň 125 ýyllygy mynasybetli bu hatlary neşir etdirdi.
Hatlaryň arasynda iň gyzyklysy Londonyň ýaşaýjylarynyň biriniň ýazyjy zenana ýazan hatydyr. Ol öz hatynda Ikinji jahan urşy ýyllarynda iň kyn pursatlarda ýazyjynyň “Goňur penjekli adam” eseriniň özünde ýaşamaga bolan umyt döredenligini belläp geçýär.
Gyzykly hatlaryň ýene-de biri bolsa, ýokarda ýatlanyp geçilen Grenwil Wudhausyň 1969-njy ýylda ýazan hatydyr. Onda ýazyjy Agata Kristiniň “Hellouindäki oturylyşyk” eseriniň öz durmuşyny şatlyk we buýsanç bilen doldurandygyny ýazýar. Dramaturg bu esere ýazyjynyň örän jaýdar ady saýlap alandygyny we mynasyp ady saýlamagyň juda müşgil işdigini iş tejribesinde bilýändigini belläp geçýär.