Towlawaç (otwýortka) iş gurallarynyň arasynda aýratyn orna eýedir. Häzirki wagtda bu guraly dünýäde millionlarça adam ulanýar. Eýsem-de bolsa, bu ýönekeýje, şol birwagtyň özünde hem gündelik durmuşda juda zerur bolan gural haçan peýda bolduka? Alymlaryň aýtmagyna görä, ol XVII asyrda döräpdir. Şol döwürden soň inženerleriň birgideni öz towlawaçlaryny oýlap tapypdyrlar. Şeýdibem olar towlawajy iş, hojalyk durmuşlarynyň aýrylmaz bölegine öwrüpdirler. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde towlawaçlaryň birnäçe görnüşi bar.
Häzirki wagtda towlawaçlar tehnikanyň ösmegi netijesinde, has hem kämilleşýär. Indi towlawaçlaryň “barmagynyň” aýrylyp-dakylýan görnüşleri, iki ýüzli görnüşleri hatda elektrotowlawaçlar hem peýda boldy. Dürli çylşyrymly tehniki işlerde başga-da her hili çylşyrymly towlawaçlara duş gelmek bolýar.