Säher çagy süýtli çaý içmek, dişleriň aklygyny saklamaga ýardam berýär. Kanadanyň Alberta uniwersitetiniň stomatologiýa okuw mekdebiniň ylmy işgärleri öz geçiren barlaglarynda oňat netije gazandylar. Görüp otursalar, süýtli çaý dişi berkidip, onuň saralmagynyň öňüni alýan eken. Olar süýtli çaý içýän meýletinçileriň dişleriniň syrçalarynyň ýagdaýyny analiz edipdirler. Soňra muny süýtli çaý içmeýänleriň maglumatlary bilen deňeşdiripdirler. Netijede, onuň tapawudy 24 sagatda belli bolupdyr. Meýletinçileriň birinji topary oňat netije beripdir. Çaýyň bir özi dişe ýaramaz täsir edýär. Ol dişleri sary reňke boýaýar, çünki onuň düzüminde tanin bar. Ýöne çaýa süýdüň goşulmagy bilen onuň täsiri gowşaýar. Çünki kazein diýlip atlandyrylýan süýt belogy tanini güýçden gaçyrýar. Şeýlelikde, süýtli çaýyň diş syrçasyna oňaýly täsirini ýetirýändigi äşgär boldy.