Eziz Watanymyzyň paýtagtynyň gün-günden gözelleşýän keşbi, täze gurulýan ajaýyp binagärlik desgalary merdana halkymyzy diýseň guwandyrýar. Ak mermerli Aşgabat dünýäniň gözel şäherleriniň birine öwrülýär. Ýurdumyzyň baş şäheri özboluşly bezegi we oňaýlylygy, binagärlik çözgüdi hem-de täsin desgalary bilen görenleri haýran galdyrýar.
Aşgabadyň şäher düzümini ösdürmek boýunça toplumlaýyn maksatnama hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän döwrebap şäher-gurluşyk syýasatyndan ugur alýar. Gözel paýtagtymyz täze binagärlik desgalary, kaşaň belent ýaşaýyş jaýlary, döwrebap ýollar we şaýollar, gür baglara bürenen seýilgähler, seýil baglar, suw çüwdürimler toplumlary hem-de özboluşly binalar bilen baýlaşýar. 15-nji iýulda paýtagtymyzda dabara bilen açylan Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda ýerli gurluşykçylar tarapyndan gurlan, her biri 160 orunlyk çagalar bagynyň birbada bäşisiniň açylyp, ulanmaga berilmegi körpe nesil baradaky aladanyň nobatdaky görkezijilerine öwrüldi. Täze çagalar baglarynyň açylyş dabaralary özboluşly baýramçylyk dabarasyna öwrüldi.
Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti durmuş-medeni maksatly täsin desgalar, edara binalary we beýleki maksatly ymaratlar bilen ýetirilýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde peýda bolan täze ýaşaýyş jaý toplumlary hem haýran galdyrýar. Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky tapgyrlarynyň çäklerinde täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak işi dowam edýär, olarda zerur durmuş düzümleriniň ählisi döredilýär.
Oguz han köçesiniň günorta böleginde, belent ýaşaýyş jaýlaryny, edara binalaryny hem-de durmuş-medeni maksatly desgalary öz içine alýan täze toplum peýda boldy. Umumy meýdany 970 müň inedördül metre barabar bolan bu toplum paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň çäklerinde guruldy hem-de özünde 30-dan gowrak desgany birleşdirdi. Bu ýerde Bitarap Türkmenistan we Garaşsyzlyk şaýollarynyň arasynda uzynlygy 2,5 kilometrden gowrak bolan awtoulag ýolunyň täze bölegi ulanmaga berildi. Paýtagtymyzyň beýleki ýaşaýyş jaý toplumlary ýaly, bu toplum hem özüne bilim we mekdep ýaşyna çenli ulgamlaryň desgalaryny – 600 orunlyk orta mekdepleriň ikisini hem-de her biri körpeleriň 160-syna niýetlenen çagalar baglarynyň ikisini, iň döwrebap lukmançylyk tehnikalary bilen üpjün edilen Saglyk öýüni birleşdirýär. Bu ýerde paýtagtymyzyň “Owadan” hyzmatlar öýüniň täze binasy guruldy. Şäheri ösdürmegiň 14-nji nobatdakysynda hem has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan belent ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş-medeni maksatly desgalaryň hem-de düzümleýin binalaryň gurluşygy göz öňünde tutuldy. Parahat-7 ýaşaýyş toplumy paýtagtymyzyň ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrülip, bu ýerde köp gatly ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, mekdepler we çagalar baglary, Saglyk öýi hem-de beýleki durmuş maksatly desgalar gurulýar.
Aşgabady ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda häzirki zaman ölçeglerine hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän iri ýaşaýyş jaý toplumy döredilýär. Taslama 72 hem-de 48 öýli 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 18-sini, belent binalardan başga-da, üç we dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 16-syny, iki gatly kottejleriň 208-sini, dükanlaryň 11-sini öz içine alýar. Paýtagtymyzyň günorta böleginde, “Aşgabat” köpugurly stadiona ýanaşyk çäkde az gatly binalary gurmak üçin ýer bölünip berildi. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň taslamasynyň çäklerinde beýleki durmuş maksatly desgalar, şol sanda 160 orunlyk çagalar bagy we 600 okuwça niýetlenen orta mekdep gurlar.
Ýokary amatlykly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köp gatly jaýlar bilen bir hatarda Aşgabatda bir hem-de iki gatly kotejlerden ybarat ýaşaýyş jaý toplumlary gurulýar. Paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Çoganlyda iri kottejler toplumy kemala gelip, 70 gektar meýdanda häzirki zaman talaplara laýyk gelýän binalar peýda boldy. Şäheriň günorta-günbatar böleginde 15-nji tapgyryň çäklerinde, şeýle hem şäheriň demirgazyk böleginde – Çoganly ýaşaýyş toplumynda kottej görnüşli jaýlar bina edildi.
Şäheriň ulag-aragatnaşyk, inžener-tehniki we ugurdaş düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Aşgabadyň merkezi böleginde hem döwrebap ýaşaýyş toplumlaryny döretmek bilen bir wagtda köçeleri we şaýollary giňeltmek hem-de abadanlaşdyrmak işleri hem alnyp barylýar. Häzirki döwürde şäher ýollarynyň 56 kilometriniň durky doly täzelenip, olarda inženerçilik ulgamlary täzeden çekildi, ýoluň gatnaw bölegi we ýanýodalar giňeldildi, ýoluň örtügi täzelenip, elektrik yşyklandyryjylaryň bezegli sütünleri oturdyldy. Esasy köçeleriň ugrunda eýýäm ýerasty geçelgeleriň 32-si we ýerüsti geçelgeleriň 15-si guruldy.
Biz gözel paýtagtymyzyň şähergurluşyk syýasatyny durmuşa geçirmek üçin uly aladalary edýän Arkadag Prezidentimiziň binagärlik paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri gözelligiň täsin nusgasy hasap edýäris!
Ahmet BABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.