Pähimdar ata-babalarymyz maşgalada çaga terbiýesine aýratyn üns beripdirler, ýaşlaryň edepli, sowatly, edermen adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly alada edipdirler.
Arkadag Prezidentimiz bäş müň ýyllyk taryhy bolan gadymy halkymyzyň öz perzendine bolan mähirli garaýyşyny: “Çagalara aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara öýüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir” diýip belleýär.
Bu hakykatdanam, hut şeýledir. Biz muňa “Adam balasy – iliň lälesi”, “Çaga eziz, edebi ondanam eziz”, “Çagany ýaşdan, edebi başdan” ýaly nakyllarymyzdan, iň irki döwürlerde halkymyz tarapyndan pähim-parasada eýlenilip döredilen “Görogly” eposynyň ilkinji sahypalaryny okap başlanymyzda, ýaňy dünýä inen Röwşene atasy Jygalybegiň:
Ýalňyz balam, algyn pendim,
Ýurduň terk eýleji bolma!
Özüňden gaýry namardyň,
Minnetin çekiji bolma!
Ýaşulular geňeş etse,
Ýagşy-ýamana göz etse,
Il-halkyň bir iş tutsa,
Sen ondan galyjy bolma!
– diýen parasatly öwüt-ündewlerinden hem anyk göz ýetirýäris.
Türkmen şygryýetiniň esasyny goýan beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy hem öz goşgularynda merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, agzybir, jebis ýaşamagy, öz döwrüniň iň möhüm wakalary, ynsan söýgüsi ýaly ençeme meseleleri gozgamak bilen bir hatarda ýaş nesli watançylyk, belent ahlaklylyk, kalby päklik ruhunda terbiýelemek babatynda-da ençeme çuň manyly şygyrlary döredipdir. Şu babatda ol tas üç asyra golaý wagt bäri halkymyzyň ençeme nesilleriniň terbiýeçisi bolup gelýär.
Akyldar şahyrymyz çagany mana düşünip ugran gününden başlap terbiýelemelidigini:
Belet başlar dogry ýoly çen bile,
Akyl adam söz başlamaz “men” bile,
Namart otyr, geňeş eýlär zen bile,
Goç ýigitler zen geňeşin aňlamaz.
– diýip, juda anyk manyly setirlerde beýan edipdir. Her bir ýaş ýigidiň edepli, terbiýeli, hünärli, pähimli, islendik işde başarjaň adam bolup ýetişmelidigine beýik terbiýeçi şahyrymyzyň çuňňur pähim-parasada eýlenen:
Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli,
Göwresi giň gerek, özi pähimli,
Giň ýerde garga deý bolsun wehimli,
Ýerinde hünäri, işi gerekdir
– ýaly setirlerini üns berip okan islendik okyjy anyk göz ýetirer.
Magtymguly atamyz mähriban Watany jandan söýmelidigini, ony gözüň göreji deý goramagyň her bir ýigidiň baş wezipesidigini: “Söweş güni goç ýigitde müýn bolmaz, Garşy bakar, peýkam-ýaýa seretmez”, “Ýüz namart ýerini tutmaz bir merdiň, Mert çeker täsibin iliň ýuwurdyň” diýmek bilen kesgitläpdir.
Beýik akyldarymyz gyz-gelinleriň terbiýesine, mertebesine, hünärine-de aýratyn üns beripdir. Akyldar şahyrymyzyň: “Gözel bardyr gözellerden zyýada, Anyň hyzmatynda durasyň geler” kimin ýüzlerçe goşgy setirleri türkmen gözelleriniň belent mertebesini, edep-terbiýesiniň derejesini dünýä ýaýýar.
Beýik akyldarymyzyň merdana halkymyzyň agzybir, asuda, jebis ýaşamak, bir agza bakyp, berkarar döwlet gurmak, ata Watany gülletmek baradaky ajaýyp arzuwlarynyň myrat tapan, Arkadag Prezidentimiziň il-günümize peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban ene-atalarymyz, bagtyýar çagalarymyz, ýaşlarymyz çäksiz üns aladalar bilen berk gurşalandyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen her ýylda şäher hem obalarymyzda çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport mekdepleriniň, sport desgalarynyň, ýokary, orta, ýörite orta okuw mekdepleriniň ýüzlerçesiniň ulanylmaga berilýändigi, birinji synpa okuwa barýan körpelerimiziň ählisine milli Liderimiziň adyndan kompýuter gowşurylýandygy bagtyýar çagalarymyzyň turuwbaşdan ylym-bilime höwesli bolmaklaryna oňaýly täsir edýär.
Bu taýsyz aladalary üçin merdana halkymyzyň mähriban Arkadagymyza hoşallygynyň çägi ýokdur!
Bibi Kulowa,
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyndaky
78-nji çagalar bagynyň müdiri.