Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­le­ri­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak, spor­tuň äh­li gör­nüş­le­ri bi­len bir ha­tar­da, we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­mek ba­ra­da­ky ça­gy­ryş­la­ry bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň uzak ömür sür­me­gi­ni ýo­la goý­ma­ga ba­gyş­la­nan mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­rin­den göz­baş al­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 2013-nji ýy­lyň 13-nji iýu­nyn­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de “Türk­me­nis­tan­da 2013 – 2017-nji ýyl­lar­da we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny” tas­syk­la­ma­gy, şeý­le hem her ýyl köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­ri ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy ýur­du­my­zyň äh­li ra­ýat­la­ry ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­da­wa eýe bol­dy. Şu ýy­lyň 15-nji iýu­nyn­da bol­sa, mil­li Li­de­ri­miz di­ku­çar­da şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­me­giň öň ýa­nyn­da paý­tag­ty­my­zy aba­dan­laş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­ly­gy­nyň bar­şyn­da 28-nji iýul­da oýun­la­ryň baş­lan­ma­gy­na 50 gü­nüň gal­jakdygyny belläp, 29-njy iýul­da bolsa, äh­li eda­ra-kär­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­na we iş­gär­le­ri­ne iş­le­ri­ne we­lo­si­ped­de bar­ma­gy tek­lip et­di.
Eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň her bir tek­li­bi halk bäh­bi­di­ne – adam­la­ryň sag­dyn dur­muş­da bag­ty­ýar ömür sür­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, bu çä­re ra­ýat­la­ry­my­zy spor­tuň dün­ýä­de uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lan bu gör­nü­şi bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy­na, ýur­du­myz­da spor­ty, şol san­da we­lo­si­ped spor­tu­ny wa­gyz et­mä­ge ýar­dam eder.
Hä­zir­ki dö­wür­de we­lo­si­ped sür­mek bi­len meş­gul­lan­mak bü­tin dün­ýä­de sag­ly­gy ber­kit­me­giň iň yg­ty­bar­ly ugur­la­ry­nyň biri ha­sap­lan­ýar. Yk­jam, äh­li ba­bat­da howp­suz, ýe­ňil ulag se­riş­de­si bo­lan we­lo­si­ped adam­la­ryň hem­ra­sy­dyr. Ol gar­ry-ju­wan, aýal-er­kek, ýaş-ýe­leň, mah­la­sy, äh­li ýaş­da­ky­la­ryň sy­na­sy­nyň ber­ke­me­gi­niň, gan aý­la­ny­şy­nyň ka­da­ly we saz­la­şyk­ly iş­le­me­gi­niň, iş­jeň­li­gi­niň ar­typ, uzak öm­re eýe bol­ma­gy­nyň yg­ty­bar­ly we mö­hüm ug­ru­dyr. Luk­man­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, we­lo­si­ped sür­mek bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ýan adam ag­la­ba ýag­daý­lar­da der­man se­riş­de­le­rin­den hem çet­de dur­ýar. Alym­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bir gün­de bir­nä­çe wagt we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç et­mek yn­san ru­hu­nyň gal­kyn­ma­la­ra eýe bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. We­lo­si­ped sür­ýän­ler te­bi­gat – daş­ky gö­zel­lik bi­len ýüz­be-ýüz bo­lup, aras­sa ho­wa­dan dem al­ýar­lar. Şu pur­sat­lar­da olar­da gö­zel­li­ge bo­lan hö­wes art­ýar. Iş­dä­si ka­da­ly ýag­da­ýa eýe bol­ýar, dem alyş ýol­la­ry ar­çal­ýar. Sy­na­da­ky sö­kel­lik­ler, agy­ry-yn­jy­lar aý­ry­lyp, be­den­de ýe­ňil­lik, iş­jeň­lik ar­typ ug­ra­ýar. Gö­zel te­bi­ga­tyň gu­ja­gyn­da bo­lup geç­ýän bu ýag­daý her bir yn­sa­nyň hö­we­si­ni art­dyr­ýar. Şo­nuň üçin we­lo­si­ped sür­mek – bi­ziň her bi­ri­mi­zi öňi bi­len sag­dyn­ly­gy ber­kit­mä­ge, iş­jeň­li­gi art­dyr­ma­ga, şo­nuň bi­len bir ha­tar­da, gy­zyk­ly ge­ze­lenç­le­re ça­gyr­ýar.
Her bir ug­ruň ta­ry­hy sa­hy­pa­lar­da yz go­ý­şy ýa­ly we­lo­si­ped sür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly wa­ka­lar hem türk­men spor­tu­nyň ta­ry­hy­na şan­ly sa­hy­pa­lar bo­lup gi­rip­dir. 1894-nji ýy­lyň 5-nji ap­re­lin­de paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da we­lo­si­ped sür­me­gi söý­ýän­le­riň jem­gy­ýe­ti dö­re­di­lip­dir. Bir ýy­lyň do­wa­myn­da jem­gy­ýe­tiň ag­za­la­ry­nyň sa­ny 370 ada­ma ýe­tip­dir. Ola­ryň ag­la­ba kö­pü­si er­kek adam­lar bo­lup­dyr. Wag­tyň geç­me­gi bi­len ze­nan­lar hem bu jem­gy­ýe­tiň ag­za­ly­gy­na ka­bul edi­lip­dir. “Za­kas­piýs­ko­go oboz­re­ni­ýe” ga­ze­ti 1895-nji ýy­lyň 14-nji few­ra­lyn­da­ky sa­nyn­da bu jem­gy­ýe­tiň gys­ga wagt­da bü­tin Za­kas­piý ob­las­ty­na öz tä­si­ri­ni ýe­ti­ren­di­gi­ni bel­läp­dir. 1895-nji ýy­lyň iýun aýyn­da Aş­ga­bat­da we­lo­si­ped sür­mek bo­ýun­ça il­kin­ji ýa­ryş ge­çi­ri­lip­dir. Şon­dan bir ýyl soň­ra – 1896-njy ýy­lyň 29-njy sent­ýab­ryn­da we­lo­si­ped ýa­ry­şy ikin­ji ge­zek ba­dal­ga alyp­dyr. Ol ýa­ryş­da türk­men we­lo­si­ped­çi­le­ri uly üs­tün­lik ga­za­nyp­dyr­lar.
Bag­ty­ýar­ly­ga bes­len­ýän döw­rü­miz­de Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da türk­men spor­ty hil taý­dan tä­ze, be­lent de­re­jä gal­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len tu­tuş ýur­du­myz­da bi­na edi­len döw­re­bap sport mer­kez­le­ri, dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän sta­di­on­lar, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­len be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş top­lum­la­ry, “Türk­me­nis­tan – sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy” di­ýen şy­gar as­tyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň, ta­lyp­la­ryň, eda­ra­la­ryň we kär­ha­na­la­ryň iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi, her ýy­lyň ap­rel aýyn­da “Sag­dyn­lyk we bag­ty­ýar­lyk” ady bi­len ge­çi­ril­ýän köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we sagdyn durmuş medeni çä­re­le­ri asyl­ly dä­be öw­rül­di. Bu ugur­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz he­mi­şe hut özü­niň şah­sy gö­rel­de­si­ni gör­kez­ýär. Mu­nuň özi be­den, ru­hy we ah­lak taý­dan sag­dyn­ly­gyň top­lum­la­ýyn mil­li ul­ga­my­nyň ke­ma­la gel­me­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Ata ba­ba­la­ry­myz “Oňat gö­rel­de – kö­pe ýö­rel­ge” di­ýip­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň baş­lan­ma­gy­na 50 gü­nüň gal­ma­gy­nyň hor­ma­ty­na 29-njy iýul­da köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şi gu­ra­mak ba­bat­da baş­lan­gy­jy­ny öňe sür­me­gi ýur­du­my­zyň äh­li ra­ýat­la­ry üçin iň­ňän oňyn ýö­rel­ge­dir. Mu­nuň özi bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň her bi­rin­de er­kin güý­jüň, zäh­met­sö­ýer­li­giň, mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gyň ter­bi­ýe­len­me­gin­de, ge­çi­ril­jek ýa­ryş­lar­da ýe­ň­şe bo­lan yna­myň art­ma­gyn­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Goý, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny be­lent de­re­je­le­re gal­dy­ran, ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip, uzak ömür sür­mek­le­ri üçin ni­ýet­le­nen şu­lar ýa­ly ägirt uly iş­le­ri ama­la aşy­ran, şeý­le­lik­de-de, ber­ka­rar Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­zi sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­du­na öw­ren eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak, ägirt uly tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Bä­şim DÖW­LI­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň
Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ba­har­ly et­rap ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy.