Türkmenistan Watanymyzda däp bolşy ýaly, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramy bellenilip geçilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we atçylyk sportunyň ösüşini höweslendirmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap athanalar, aýlawlar guruldy. Giň aýlawlar baýramçylyk dabaralarynyň bellenilýän, uly toýlaryň şowhunyny artdyrýan ýere öwrüldi.
At idetmekde, ony bakyp-bejermekde, aýlawlarda çapdyryp, tälim bermekde tebigy başarnygy bolan türkmenler ussat seýisler hasaplanýar. Türkmenler öz ahalteke bedewleriniň boýnunyň uzyndan inçe bolmagyny gazanmak üçin, oňa ot-iými ýörite gazylan çukurlarda beripdirler. Şeýdibem, olar ot-iým iýen mahallary atlaryň boýunlaryny süýndürmegini gazanypdyrlar. Taýçanaklara arkasyna belli bir agramdaky ýüki atyp, çalt ylgamak boýunça tälim beripdirler. Bu tälim ot-iýmiň çäkli mukdary bilen utgaşdyrylyp, taýçanaklaryň döş kapasasynyň göwnejaý kemala gelmegi, gapyrgalarynyň tekiz, çeýe bolmagy gazanylypdyr. Döşüniň şeýle görnüşi atyň söweşjeňlik ukybyny artdyrypdyr, çünki ol şeýle ýaýbaň döşleri bilen duşmany gysyp-gowrupdyr, kuwwatly urgusy bilen ýere ýazypdyr. Atlar batly toýnaklary bilenem duşmana zarba urmagy başarypdyrlar.
Türkmen halky asyrlaryň dowamynda at üstünde söweşip, mähriban topragyny gorap saklapdyr. At ata-babalarymyzyň söweşjeň ýoldaşy bolupdyr. Türkmen bedewiniň çylşyrymly söweşjeň tälimine köp zatlar giripdir: çapyksuwar atdan ýykylanda, ol öz eýesiniň ýanyna baryp durupdyr, oňa hiç kimi golaýlaşdyrmandyr. Haçan-da, eýesi ýaralanan wagtynda bolsa, dyza çöküp, oňa eýere münmäge kömek beripdir, eýesini söweş meýdanyndan alyp çykypdyr.
“Görogly” şadessanynda ata, seýisçilik sungatyna uly baha, aýratyn üns berilýär. Gyrat şadessanyň başdan aýagyna çenli Göroglynyň wepaly ýoldaşy, syrdaşy hökmünde teswirlenýär. Ol ähli arzuw-myratlaryna, maksadyna Gyratyň üsti bilen ýetýär. Hatda, erenlerden akpata alanda-da: “Meniň dilegimi berseňiz, göwün-maksadyma ýetirýän bolsaňyz, atyma, özüme ýüz ýigrimi ýaş beriň, atyma, özüme her niçik ýara düşse, ýyldyz göremde gutulaýyn. Ine, meniň dilegim” diýmeginiň özü-de, Göroglynyň atyna şeýle uly baha berýändiginiň, wepadar ýoldaşydygynyň aýdyň subutnamasydyr:
Bedew atyň taryhyny aýdaly,
Her hünäri üç ýaşynda bellidir.
Bozduman aýakly, bäzbent toýnakly,
Gözi dag başynda, burny ýellidir…
…Bedew atyň arzuw jany tendedir,
Pirim Şahymerdan, destim sendedir.
Görogly bir ýazyklyja bendedir,
Teblede baş bedew ýowda bellidir.
At barada müňlerçe nakyllar we atalar sözi döredildi: “Irden turda, ataňy gör, ataňdan soň – atyňy”, “At ady bilen, ýigit ody bilen”, “At iýmeýän otlaryň biteninden bitmedigi ýeg”, “At armaz, göwün arar”, “At aýlanyp gazygyny tapar, suw aýlanyp – ýarygyny”, “At gulagy sak bolar”, “At toýnagyna at çydar”, “At – ýigidiň myrady”, “Är ganaty – at”. At dilden aýdylýan ähli halk döredijiliginiň gahrymanyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň: “Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjydyr we uzak ýyllaryň dowamynda kemala getiren maddy gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr. Biz geljekde hem bedewlerimizi birjik-de ünsden düşürmeris, çünki olar biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr, biziň ylhamymyzdyr” diýen sözleri türkmen halkynyň ajaýyp bedewlerine bolan garaýşyny beýan edýär. Çünki özüniň uçar ganaty hasaplan bedewine sarpa goýmak halkymyzyň nesilde-nesle geçip gelýän ajaýyp däbidir.
Gülnara Öwezowa,
Türkmenabat şäherindäki 31-nji orta mekdebiň mugallymy.