Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy – ÝUNESKO-nyň baş direktory Irina Bokowanyň guramanyň saýtynda habar bermegine görä, Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja şäheri 2019-njy ýylda Bütindünýä kitap paýtagty bolar. Bu karar ştab kwartirasy Gagadaky Kitaphana assosiasiýalary we edaralary boýunça halkara federasiýasynyň konsultatiw komitetiniň teklibi bilen mälim edildi. Saýlaw komitetiniň bilermenleri bu şäheri halk köpçüligine gönükdirilen dürli medeni çäreleri we döredijilik teklipleri üçin saýlap aldylar.
“Okaň – siz Şarjada” diýen şygar astynda geçiriljek çäräniň maksatnamasy esasan, şu ugurlara gönükdiriler: raýdaşlyk, çeper okaýyş, miras, kitaba bolan gyzyklanmany ösdürmek, kitap neşirýaty we ýaşlar. Şeýle hem, erkin pikiri beýan etmek meseleleri boýunça simpozium, ýaş şahyrlaryň bäsleşigi, Braýl ulgamy boýunça taktil kitaplary döretmekde trening-seminarlary, şonuň ýaly hem, etnik ilata bagyşlanan köp sanly çäreler göz öňünde tutulýar.
Bu çäräniň maksady BAE-de kitap okamagy ýaýratmak, şeýle hem, sebitde we arap dünýäsiniň beýleki ýurtlarynda edebi döredijilik meselelerini çözmek maksady bilen täze başlangyçlary goldamakdan ybaratdyr. Şeýle hem Şarjada kitap neşirýatyna, neşir işlerine bagyşlanyp, ilkinji erkin zolak açylar.
Şarja 2001-nji ýyldan bäri Bütindünýä kitap paýtagtlarynyň sanawy boýunça 19-njy şäher bolar. Bütindünýä kitap paýtagty derejesi Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni 2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Gresiýanyň paýtagty Afinydan Şarja geçiriler. Şu ýyl Bütindünýä kitap paýtagty Gwineýa Respublikasynyň paýtagty Konakri şäheridir.