ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynyň täze resmi şahyry hökmünde, bir ýyllyk möhlet bilen 2012-nji ýylyň Pulitser baýragynyň eýesi Treýsi Smit diýlip mälim edildi. Smite çenli bu wezipäni resmi şahyr hökmünde “La Casa de Colores” – “Dürli reňkli öý” taslamasyny amala aşyran Huan Felip Errere eýeläpdi. Errere bu taslamanyň çäklerinde amerikalylary ýurduň däp-dessurlary baradaky epiki poemalary ýygnamakda öz goşantlaryny goşmaga çagyrdy.
Smit 2012-nji ýylda “Marsdaky ýaşaýyş” atly ýygyndysy üçin Pulitser baýragyna eýe bolupdy. Ol 2015-nji ýylda özüniň “Adaty yşyk” atly non-fikşn žanryndaky memuarlary üçin Milli kitap baýragynyň finalyna düşüpdi. Treýsi Smit özüniň täze wezipesinde şygryýeti özüniň gelip çykyşy we nukdaýnazarlary boýunça dürli-dürli bolan adamlar üçin baglanyşdyryjy halka hökmünde ulanmagy niýet edinýär. Şahyryň esasy wezipesi döredijilik nazaryýetini düşündirmekden, nutuklar bilen çykyş etmekden, Kongresiň kitaphanasynyň edebiýat maksatnamalary boýunça maslahat bermekden hem-de eserleri arhiwe girizmäge mynasyp bolan täze awtorlary hödürlemekden ybarat bolar.