“Google” kompaniýasy Gollandiýanyň iň uly Gün bekediniň öndüren elektrik energiýasyny 10 ýyllap satyn alar. Ýurtda täze maglumat merkezini guran kompaniýa zerur bolan energiýany alternatiw çeşmelerden üpjün etmek maksady bilen şeýle ylalaşyga gol çekendigini belleýär. “Google” bu täzeligi energiýa şereketi “Eneco” bilen bilelikde mälim etdi. Amerikan kompaniýasy dünýäniň dürli ýerlerindäki maglumat merkezleriniň ählisinde ulanyljak elektrik energiýasyny alternatiw çeşmelerden almagy maksat edinýär. “Google” kompaniýasynyň 600 million ýewro sarp edilip gurlan “Eemshaven” maglumat merkezi geçen ýyl açylypdy. Şeýle merkezlerden Ýewropada jemi dördüsi bar.
Gollandiýa arassa energiýa çeşmelerinden has köp peýdalanýar. Ýurtda diňe şu ýylyň ilkinji alty aýynda deňizdäki ýel beketleriniň gurluşygy üçin 12 milliard ýewro maýa goýum özleşdirildi.