Hormatly Prezidentimiziň uly üns bermegi hem-de taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistanda bedenterbiýe hereketi giň gerime eýe bolýar, köpçülikleýin sport okgunly ösdürilýär, abraýly halkara ýaryşlary geçirilýär. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylda Türkmenistanyň gözel paýtagty, ak mermere beslenip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren Aşgabat şäherinde ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi hakyndaky çözgüdi ýurdumyzyň sport älemindäki abraýynyň has ýokary derejelere galýandygyna şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar” atly kitabynda nygtaýşy ýaly: “Milli sportumyza we bedenterbiýämize türkmeniň gujur gaýraty, gözelligi hem sagdynlygy siňmelidir.” Häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sagaldyş hereketiniň we ýokary derejeli sportuň hemmetaraplaýyn goldanylmagy milletiň saglygynyň berkidilmegine, berk bedenli, ruhy taýdan baý nesilleriň kemala getirilmegine gönükdirmek, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Şu maksat bilen Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek barada öňde goýlan wezipeleri amal etmekde möhüm ädim “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2016-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, şeýle hem “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda sporty ösdürmegiň we ýokary derejeli türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet maksatnamasy” kabul edildi. Şu maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda halkara ülňülerine gabat gelýän sport desgalarynyň, stadionlaryň, aýlawlaryň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň onlarçasy ulanylmaga berildi we olaryň gurulmagy dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň 5-nji aprel – 5-nji maý aralygynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň biraýlygyny geçirmek baradaky Kararyna laýyklykda, dürli sport çäreleri geçirilýär.
Milli Liderimiz 5-nji maýda irden, ýagny Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galanda halkymyz bilen bilelikde, paýtagtymyzda ýerleşýän Saglyk ýolundan geçmek, şol günüň ikinji ýarymynda gadymy Nusaý ýadygärlikleriniň ýanynda atly ýörişe gatnaşyjylara üstünlik arzuw edip, dabaraly ýagdaýda ak pata berip, ýörişe badalga bermek baradaky pikiri öňe sürdi
Bu atly ýöriş ýurdumyzyň her welaýatynda 100 günläp dowam eder. Şu döwürde atly ýörişe gatnaşyjylar milli mirasymyzy wagyz etmegiň we dünýä ýaýmagyň, şöhratly ata-babalarymyzyň ruhuna sarpa goýmagyň aýdyň nyşany hökmünde ýurdumyzdaky ähli ýadygärliklere we belli ýerlere bararlar. Atly topar metbugatyň, telewideniýäniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde, ilki Ahal welaýaty boýunça ýörişe başlar. Ahal welaýatynyň çäginde ýöriş tamamlanandan soň, Balkan welaýatynyň çäginde bu welaýatyň öz atly topary ýörişi dowam eder. Balkan welaýatynyň çäginde ýöriş tamamlanandan soň, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň çäkleri boýunça hem bu welaýatlaryň atly toparlary ýörişi dowam etdirerler.
Atly ýörişiň tamamlaýjy tapgyry Mary welaýatynyň çäklerinden geçer. Mary welaýatyndaky dünýä belli “Galkynyş” gaz käninde V Aziýa oýunlarynyň alawynyň ýakylyş dabarasy geçiriler. Soňra atly topar bu oýunlaryň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza tarap ýola düşer we bellenen möhletde Aşgabat şäherine geler. Bu ýerde Aşgabadyň öz atly topary ýakylan alawy kabul eder.
Ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäklerinden geçip, eli alawly paýtagtymyza gelen atly topar Olimpiýa şäherjigindäki stadiona barar. Şol ýerde atly toparyň öňünden barýan çapyksuwar bedewini çarpaýa galdyryp, elindäki alawdan şekiliň ýokarsynda ýörite ýerleşdirilen enjamda Olimpiýa oduny ýakar hem-de bu taryhy oýunlaryň açylyş dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrar.
“Atly toparyň Garaşsyz Watanymyzdaky taryhy-medeni ýadygärliklere we beýleki mukaddes ýerlere barmagy örän baý, şöhratly taryhymyza halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň ýene-de bir gezek ünsüni çekmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa, köpasyrlyk taryhymyza we baý milli mirasymyza daýanyp yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylymyzda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Mälim bolşy ýaly, V Aziýa oýunlary 2017-nji ýylda geçiriler. Bu oýunlara taýýarlyk görmegiň çäklerinde, 17 çapyksuwar 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda ýurdumyzyň welaýatlary boýunça geçiriljek atly ýörişe başlar. Olar 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabada bu ýörişden gaýdyp gelerler we Olimpiýa şäherjigindäki stadiona barar. Şol gün Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary dabaraly ýagdaýda açylar.
Biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýyny ýokary galdyrmakda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli ajaýyp işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Aşyrgeldi Jumaýew,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň dosenti, ýuridiki ylymlaryň kandidaty.