Dürli maksatlar bilen ulanylýan dronlaryň iň çalt gidýäni sagatda 64 km/s tizlik bilen hereket edýär. Emma häzire çenli o diýen belli bolmadyk “RacerX” atly firma dünýäniň iň ýyndam dronyny öndürdi we ony Ginnesiň rekordlar kitabynda tassyklatdy. Rýan Guriniň ýolbaşçylyk edýän topary bu enjamy ýasamak üçin köp tagalla edipdir. Olaryň synanyşyklarynyň köpüsi şowsuz tamamlanypdyr. Dronlaryň käbir nusgasy ýokary tizlige çydaman ýanypdyr. Olaryň ýasan dronlarynda 1300 mAh litiý-polimer batareýa bolup, sagatdaky tizligi 263 kilometre ýetýär. “Formula 1” ulaglaryna meňzedilip ýasalan sürüjisiz “howa gämisi” 28-nji iýulda bu ugurda geçirilýän ýaryşa gatnaşar.