Hytaýyň elektron söwdasyny amala aşyrýan “Taobao” kompaniýasy ýurtda satyjysyz dükanyny işe girizdi. “Tao Cafe” atly söwda nokady ýurduň Hançžou şäherinde açyldy. Müşderiler dükanyň girelgesinde öz smartfonlaryny “okadyp” onuň içine girip bilýärler. Soňra gerekli zatlaryny alyp, çykalgada birnäçe sekunt garaşýarlar. Degişli enjam müşderiniň alan harytlaryny anyklap, bank hasabyndan olaryň tölegini kabul edýär we nyrhlary barada smartfonlaryna habar ugradýar. Bu usul dünýäniň iň iri elektron söwda kompaniýasy “Amazonyň” “Amazon Go” dükanyna meňzeýär. 200 inedördül metri öz içine alýan “Tao Cafe”-de sowgatlyk harytlar bilen bir hatarda, iýip-içilýän zatlar hem bar. Açylan güni bu üýtgeşik dükanyň myhmany has-da köp boldy. 369 million işjeň ulanyjysy bolan “Taobao” hytaý bazarynda uly orny eýeleýär.