Ti­ken­li až­dar­ha (Thor­ny Dra­gon)
Bu süý­reni­ji­niň bo­ýy 15 sm, gör­nü­şi er­te­ki­ler­de ga­bat gel­ýän až­dar­ha­la­ra meň­ze­ýär. Em­ma onuň he­re­ket­le­ri howp­suz, be­de­ni ti­ken­ler bi­len ör­tü­len. Çöl­de ýa­şa­ma­ga uý­gun­la­şan­dyr. Sä­he­riň çy­gyn­dan top­la­nan dam­ja­jyk­la­r ti­ken­le­ri arkaly onuň ag­zy­na sy­ryg­ýar. Şeý­le­lik­de, ol bir­nä­çe hep­de suw­suz oňýar. Bu jandar ys­sy­dan go­ran­mak üçin gu­ma gö­mül­ýär. Esa­sy iý­mi­ti ga­ryn­ja­dyr­. Ol daş-tö­we­re­gi­ne gö­rä, reň­ki­ni üýt­ge­dip bil­ýär.

Gyr­my­zy do­dak­ly ba­lyk (Red-Lip­ped Bat­fish)
Ga­la­pa­gos ada­la­ryn­da (Gü­nor­ta Ame­ri­ka) deň­ziň 30 metr, hatda on­dan-da çuň ýer­le­rin­de bo­ýy 40 sm-e ýet­ýän bu tä­sin ba­ly­ga duş ge­lin­ýär. Ýüz­mek uky­by­nyň pes­li­gi se­bäp­li ol dö­şün­dä­ki ki­çi­jik ýüz­güç­le­ri­ni ulan­ýar. Ýüz­mäge derek ýö­re­me­gi saý­lan bu ba­lyk köp­lenç deň­ziň düý­bün­de bolanyny gowy görýär. Ar­ka­sy ti­ken­li, göw­re­si ýaý­baňlygy üçin ki­çi­jik jan­dar­lar ony haý­wan­dy­ram öýt­me­ýär­ler. Ol bol­sa, ýu­waş­lyk bi­len he­re­ket­le­nip, awu­ny aň­sat­lyk bi­len özü­ne çek­me­gi ba­şar­ýar.